WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

     Ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, ilatyň saglygyny goramak, ýaş nesilleriň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hut şu maksatdan ugur alyp, düýn Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde «Ahlak arassalygy – ruhy tämizlik» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginden, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşinden, Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasyndan, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinden wekiller çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, ýaş nesillerimiziň ruhy we beden taýdan sagdynlygyny gazanmak ugrunda durmuşa geçirilýän işler we olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek babatda öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

04 Awgust 2025 | 39 okalan

HALKARA HYZMATDAŞLYKDA TÄZE GÖZÝETIMLER

30 Iýul 2025 | 300 okalan

ARKADAG ŞÄHERI — GELJEGIŇ ŞÄHERI!

28 Iýul 2025 | 66 okalan

ÝAŞ NESILLER — WATANYMYZYŇ GELJEGI