Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň etrabyň 9-njy orta mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda gezelenç çäresi geçirildi. Şol mekdepde döredilen muzeýe guralan gezelenç täsirli pursatlara baý bolup, oňa ýokary synplarda bilim alýan mekdep okuwçylar gatnaşdylar.
«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» 14-nji bendini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen guralan gezelenç çäresi «Geçmişe sarpam bar» diýlip atlandyryldy.
Turuwbaşdan işjeň häsiýetde geçen çäräniň barşynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň hünärmenleri hem-de mekdebiň mugallymlary çykyş etdiler. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň medeni-mirasyny, taryhy ýadygärliklerini öwrenmek we olary wagyz etmek babatda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Soňra okuwçylar mekdep muzeýinde aýawly saklanýan gymmatlyklar bilen tanyş boldular. Bu bolsa, ýaşlaryň medeni we taryhy ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe boldy.
Gezelenjiň dowamynda oňa gatnaşanlar milli mirasymyzy giňden öwrenmekde we ony dünýä ýaýmakda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.
Täzegül ÇARYÝEWA,
TMÝG-niň Tagtabazar etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.