WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň tassyklan ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, Baýramaly etrabynyň 28-nji orta mekdebinde «Ýaşlar – nurana geljegiň binýady» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Baýramaly  etrap Geňeşiniň gurnamagynda geçirilen duşuşyga mekdebiň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar.

     Duşuşykda ýaşlarda mertlik, gaýduwsyzlyk, watansöýüjilik, belent adamkärçilik, halallyk, ýokary ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek bilen bagly çykyşlara orun berildi. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde we ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim, terbiýe bermekde, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigi, şeýle hem ýaşlaryň özleri hakynda edilýän aladalary her ädimde duýup ýaşaýandygy barada buýsançly söhbet etdiler.

     Çykyşlaryň dowamynda halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan asylly ýörelgelerine eýerip, döwrümize mynasyp ýaş nesli kemala getirmek babatda alnyp barylýan tutumly işleriň ýaşlaryň kalbynda guwanç duýgusyny oýaryp, olaryň ýagty ertirine ynam goşýandygy aýratyn nygtaldy.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar geljegimizi ýaşlarymyzyň ykbalynda görýän Gahryman Arkadagymyza, ýaşlarymyzy Watanyň daýanjy hasaplaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Hojamyrat AKMYRADOW,

TMÝG-niň Baýramaly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar