Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň gurnamagynda etrabyň 22-nji orta mekdebinde döredilen muzeýde «Geçmişe syýahat» ady bilen gezelenç çäresi geçirildi. Oňa etrap Ýaşlar guramasynyň işgärleri we şol mekdebiň ýokary synp okuwçylary işjeň gatnaşdylar.
Halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, milli medeniýetine, däp-dessurlaryna daýanyp, ýaş nesillerde taryhy we medeni mirasymyza hormat goýmak we aýawly garamak endiklerini terbiýelemekde bu çäräniň ähmiýeti uly boldy.
Çäräniň barşynda gadymy taryhy we medeni ýadygärliklerimiz, hususan-da, «Gadymy Merw» döwlet medeni-taryhy goraghanasy hakyndaky gürrüňlerdir rowaýatlar okuwçylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen diňlenildi. Soňra okuwçylar ady agzalan orta mekdepde döredilen muzeýiň gymmatlyklary bilen tanyş boldular. Aýawly saklanýan gymmatlyklar we tapyndylar gezelenje gatnaşan ýaşlaryň ünsüni özüne çekdi. Medeni ýadygärliklerimiz barada sorag-jogap alşylmagy bolsa, okuwçy ýaşlarda baý taryhymyza bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy.
Çärä gatnaşanlar milli mirasymyzy giňden öwrenmekde we ony wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Mukam SALAROW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Mary etrap Geňeşiniň başlygy.