Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň watansöýüji, ylymly, bilimli, mynasyp neslini kemala getirmek bilen bagly möhüm wezipeleri öňde goýýar. Şunuň bilen baglylykda, etrabymyzyň çäginde geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri hem giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Şeýle çäreleriň biri golaýda Murgap etrabynyň 18-nji orta mekdebinde geçirildi. «Abadan ertir şu günden başlanýar» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat çäresini Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşi etrabyň 18-nji orta mekdebi bilen bilelikde gurady.
Işjeň häsiýete eýe bolan duşuşykda ýurdumyzda ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli, watansöýüji, ilhalar ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda alnyp barylýan işler dogrusyndaky täsirli çykyşlara orun berildi.
Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil hakyndaky edýän aladalary, bu babatda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler we tutumly işler barada gürrüň edildi we okuwçy ýaşlaryň dürli bidüzgünçiliklerden daşda bolup, olary sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklige çagyryldy. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenleriň geljekde il-güne haýyrly adam bolmagyň şu günki berilýän bilim we terbiýeden gözbaş alýandygyny anyk mysallar arkaly nygtamaklary bolsa, okuwçy ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Täsirli geçen çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim almagy, hünärli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Nowruz MÄLIKOW,
TMÝG-niň Murgap etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.