Häzirki günlerde ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli welaýatymyzyň çäginde aýdym-sazly çäreler, dabaraly maslahatlardyr, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreler Baýramaly şäherinde hem giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda mekdebiň 1-nji ýyl talyplarynyň arasynda «Bitaraplyk-milli buýsanjymyz» ady bilen geçirilen döredijilik bäsleşigi hem täsirli pursatlara baý boldy.
Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, biri-birinden zehinli, medeniýetden we sungatdan oňat baş çykarýan, kalplary eziz Diýarymyza bolan buýsanç duýgularyndan püre-pür talyp ýaşlar aýdym-sazly çeper okaýyşy we degişme sahnasyny ýerine ýetirmekde, şeýle hem janly ses bilen aýdym aýtmakda toparara ýaryşdylar. Bu bolsa, talyp ýaşlaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmaga giň mümkinçilik berdi.
Bäsleşigiň netijesi boýunça 1-nji orna Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň «Buhgalterçilik hasaba alnyşy», 2-nji orna «Maliýe we karz» toparlary mynasyp boldular.
Bäsleşikde ýeňiji bolan we işjeň gatnaşan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şeýle hem bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýaşlarymyzyň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, olaryň döredijilik bilen meşgullanmagyna ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Maksatgeldi ANNAMYRADOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly
şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.