HALKARA BITARAPLYK GÜNÜNE BAGYŞLANDY

     Güneşli Diýarymyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygynyň toýy uly ruhubelentlige beslenýär. Şu jähetden, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, etrabymyzyň çäginde geçirilýän çäreler hem giň gerime eýe bolýar.

     Ýakynda bu şanly baýram mynasybetli Tagtabazar etrabynyň medeniýet öýünde «Jahana keşt edýär türkmeniň ady, Bitaraplyk – ösüşleriň binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi. Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçirilen bu çäräni Tagtabazar etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi hem-de etrabyň iri jemgyýetçilik guramalary bilelikde guradylar. Şanly sene mynasybetli geçirilen duşuşyga ady agzalan jemgyýetçilik guramalaryň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.

     Turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe bolan duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Bitarap döwletimiziň halkara derejesindäki at-abraýynyň barha artýandygy, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli, deňhukukly we hoşniýetli ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi dogrusynda buýsançly çykyşlar diňlenildi. Bitaraplygyň parahatçylyga we dost-doganlyga, hoşniýetli gatnaşyklara, durnukly ösüşe uzaýan nurana ýoldugy baradaky täsirli çykyşlar çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

     Dabaranyň ahyrynda döwletimizi röwşen günlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Ogulboldy ÖWEZBERDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar