«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlarda medeni we taryhy ýadygärliklerimize hormat goýmak, olara gadymy gymmatlyklarymyzy giňişleýin açyp görkezmek maksady bilen geçirilýän çäreler giň gerime eýe bolýar. Şu nukdaýnazardan, Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher we etrap Geňeşleriniň welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde guramagynda geçirilen gezelenç çäresi hem uly ähmiýete eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan «Hakyda göwheri» atly täze kitabyndan ugur alyp guralan gezelenç çäresine etrap, şäher Ýaşlar guramasynyň işgärleri we işjeň agzalary, bagtyýar talyp ýaşlar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.
Çäräniň barşynda täsirli çykyşlara orun berildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişinden, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ömür-ýolundan, halkymyzyň agzybirlik we döwletlilik taglymatyndan söz açýan «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň türkmen ýaşlary üçin ylham çeşmesidigini, gymmatly hazynadygyny, ýol görkeziji şamçyragdygyny buýsanç bilen bellediler.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň täze eseriniň «Taryha syýahat» atly birinji babyndan ruhlanyp, çärä gatnaşanlar muzeýiň arheologiýa we etnografiýa bölümlerine gezelenç etdiler. Marguş ýurdundan tapylan gadymy Merwiň taryhyna degişli arheologik gymmatlyklar ýaşlaryň ünsüni özüne çekdi. Bu bolsa, guralan çäräniň täsirliligini hem-de özboluşlylygyny has-da artdyrdy.
Işjeň häsiýetde guralan gezelenç çäresine gatnaşanlaryň her biri milli mirasymyzy we geçmiş taryhymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.