JOŞGUNA BESLENEN BAÝRAMÇYLYK DABARA

     Şu günler Halkara Bitaraplyk güni, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde baý mazmunly aýdym-sazly çäreler, dabaraly maslahatlardyr baýramçylyk duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreler biziň welaýatymyzda hem giň gerime eýe bolýar.

     Wekilbazar etrabynyň «Belent» toý mekanynda bolan aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy has-da täsirli boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar we Mary etrap Geňeşleri tarapyndan guralan baýramçylyk dabarasy «Goý, güllesin baky mydam Bitaraplyk ýoluň Watan!» diýlip atlandyryldy.

     Toý şatlygynda guralan aýdym-sazly dabaranyň barşynda joşgunly çykyşlara orun berildi. Çykyşlarda hemişelik Bitaraplygymyzyň halkymyza eçilen baky bagty, geçen taryhy döwrüň içinde bedew bady bilen öňe barýan berkarar Watanymyzyň ýeten belent derejesi we gazanan üstünlikleri dogrusynda buýsançly söhbetler diňlenildi.

     Soňra Wekilbazar etrabynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan

 aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi. Ata Watanymyzyň dünýäde arşa galýan şan-şöhratyny, parahatçylygy we asudalygy wasp edýän aýdymlar, ýurdumyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryna goýýan belent sarpasynyň hoş owazly nagmalardaky beýanyna öwrüldi.

     Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşanlar eziz Diýarymyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Hajar GARRYÝEWA,

TMÝG-niň Wekilbazar etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar