BAKY BITARAPLYGYMYZYŇ 29 ÝYLLYK BAÝRAMYNA BAGYŞLANDY

     Golaýda Mary şäheriniň «Bagt köşgi» toý dabaralar merkezinde «Bitaraplyk – şöhratymyz-şanymyz» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary şäher komitetiniň hem-de Marynyň Ý.Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen baýramçylyk dabarasy hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýuna bagyşlandy.

     Talyp ýaşlaryň, mugallymlaryň we öňdebaryjy ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabarada belent owazly aýdym-sazlara, tansly çykyşlara orun berildi. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň dünýäde arşa galýan şan-şöhraty we abadan durmuşymyz joşgunly beýanyny tapdy. Talyp ýaşlaryň dost-doganlyk barada labyzly okan goşgulary dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

     Bagtyýar ýaşlary bir supranyň başyna jemläp, toý röwüşine eýe bolan dabaranyň ahyrynda ata Watanymyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Resul BAÝRAMOW,

TMÝG-niň Mary şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar