JOŞGUNA BESLENEN BAÝRAMÇYLYK DABARASY

     Golaýda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli Sakarçäge etrabynyň medeniýet öýünde aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. «Bitaraplyk-dillerimiziň senasy» diýen şygar bilen geçirilen baýramçylyk dabarasyny Sakarçäge etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurap, oňa ady agzalan jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri hem-de bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.

     Dabaraly maslahatda täsirli çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda türkmen bitaraplygynyň ähmiýeti, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurtlaryň we olaryň halklarynyň arasyndaky dost-doganlygy yzygiderli pugtalandyrmak dogrusynda beýan edildi.

     Buýsançly pursatlara beslenen dabaraly maslahat Sakarçäge etrabynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Belent ruha beslenen aýdym-sazlarda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzyň, ajaýyp döwrümiziň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we dost-doganlygyň waspy ussatlarça ýerine ýetirildi.

 

Merdan BEKMYRADOW,

TMÝG-niň Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

10 Mart 2025 | 0 okalan

ZENAN BAGTY – DÜNÝÄ BAGTY

10 Mart 2025 | 0 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI