Ýakynda Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň we «Altyn Asyr» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Altyn asyr harytşynaslyk söwda merkezinde ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli şowhunly täze ýyl gepleşigi geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda täze ýyl baýramçylygyna görülýän ýokary hilli taýýarlyklar dogrusynda giňişleýin durup geçildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli söwda nokatlary täze ýyl mynasybetli dürli sowgatlyk önümleri bilen üpjün edilen. Şonuň bilen bir hatarda Türkmenbaşy dokma toplumy hem täze ýyl baýramçylygyna özüniň ýokary hilli amatly, elýeter sowgatlyk önümleri bilen özüniň söwda nokatlarynda halkymyza edýän ýokary hilli hyzmatlary barada gürrüň edildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar okamaga, öwrenmäge döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Osman AŞYROW,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň adyndaky
Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.