Ýakynda Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň hem-de Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri – köňülleriň joşguny» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», ýurdumyzyň halkara giňişligindäki wajyp orny, şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly eseriniň ýokary ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Ýer ýüzünde parahatçylygy dabaralandyrmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Mährijemal ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.