Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmendemirýollary» agentliginiň hem-de Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramalarynyň bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlanan «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň elimize gowuşmagy bilen bagly täsirli söhbetler edildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň galamlarynyň ýiti bolmagyny arzuw edip, döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini beýan etdiler.
Osman AŞYROW,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly
adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.