WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Halk Maslahatynyň bilelikde guramagynda Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň mejlisler zalynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler türkmen Bitaraplygynyň möhüm ähmiýetini, ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer syýasatynyň halkara giňişliginde giň goldawa eýe bolýandygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Ýer ýüzünde parahatçylygyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Serdar NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 26 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 27 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýul 2025 | 61 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI