Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag hem-de Büzmeýin etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurt baştutanlygynda erkana ýaşaýan bagtyýar halkymyz şöhratly ýyllaryň senenamasyny dowam etdirjek ýene bir täze ýyla “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna ýokary ruhubelentlik bilen gadam basandygy barada täsirli çykyşlar edildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň çapdan çykmagy hem beýik söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijilik mirasynyň bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydygy barada giňişleýin gürrüň berildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan döwletli tutumlarynyň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Oguljahan TÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.