Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň mejlisler zalynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligiň abraýly we jogapkärli agzasy hökmünde häzirki zaman halkara durmuşyna işjeň gatnaşýandygyny, şonuň bilen baglylykda, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge ynsanperwer çemeleşýändigi barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredilip berilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler
Gülaýym AŞYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.