WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly köňülleri buýsanja beslär» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler her ýyly halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine, durmuşyna laýyk döwrebap şygar bilen atlandyrmagyň asylly däpleriň birine öwrülendigini, belent maksatlary kalbymyzda besläp, ajaýyp arzuwlar bilen garşy alnan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini buýsanç bilen belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara abraýynyň artmagy, şan-şöhratynyň belende göterilmegi üçin il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Nurjemal NEPESOWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň

Magtymguly adyndaky IÝG-niň

sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar

25 Ýanwar 2025 | 83 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

25 Ýanwar 2025 | 69 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

23 Ýanwar 2025 | 118 okalan

BIZ OWAZ BILEN