BIZ OWAZ BILEN

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Biz owaz bilen» atly aýdym-sazly gepleşigiň nobatdaky sany ýazgy edildi.

Gepleşigiň bu sanyna «Türkmenistanyň at gazanan artisti» Aly Alyýew gatnaşdy. Ol özüniň hoş owazly aýdymlary bilen gepleşige aýratyn öwüşgin berdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ajaýyp zamanamyzda aýdym-saz sungatynyň pajarlap ösmegi üçin döredilýän şertler barada giňişleýin gürrüň berildi.

Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Umyt NEDIROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Dolandyryş-hojalyk bölüminiň baş hünärmeni.

 

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 26 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 27 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Iýul 2025 | 61 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI