Ýakynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň hem-de «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramalarynyň bilelikde guramagynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň edara binasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Çäräniň barşynda bagtyýar halkymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna ýokary ruhubelentlik bilen gadam basandygy barada täsirli çykyşlar edildi. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň neşir edilmegi, beýik söz ussadynyň belent ynsanperwer taglymlara ýugrulan döredijilik mirasynyň bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydygy barada giňişleýin gürrüň berildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň galamlarynyň ýiti bolmagyny arzuw edip, döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini beýan etdiler.
Leýli TAGANOWA,
«Türkmendemirýollary» agentliginiň
Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar
Guramasynyň Sanly ulgam boýunça
hünärmeni.