WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Sosial torlaryň zyýany” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde ylymly-bilimli ýaş nesli kemala getirmek, olary milli ruhda terbiýelemek baradaky alnyp barylýan işler hakynda gürrüňler edildi.

Mundan başga-da, sosial torlaryň ýetirip biljek zyýanlary, şular dogrusynda boýunça terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, internetden netijeli peýdalanmak barada çykyşlar edildi.

Çäräniň ahyrynda ýaşlarmyzyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.

 

Ogulgurban SAPARDURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Berkararlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar