Hormatly Prezidentimiziň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň jemlenmegi bilen baglylykda, “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň mejlisler jaýynda dabaraly maslahat duşuşygy geçirildi.
Dabaraly maslahatda çykyş edenler akyldaryň döredijiliginiň we durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilişiniň, pähim-paýhasly şygyrlarynyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýetiniň giňişleýin beýan edilendigini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli mirasymyzy dünýä derejesinde giňden wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän alym Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Nurmuhammet DÖWLETOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.