«TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDAKY TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda «tegelek stoluň» başynda täsirli söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda 2024-nji ýylda gazanylan üstünlikler ýetilen belent sepgitler, şeýle-de üstümizdäki “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem söhbetdeşlikde alym Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň ýaşlary milli ruhda terbiýelemekdäki möhüm ähmiýeti dogrusynda giňişleýin durlup geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlar üçin döredilip berilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Mähriban ŞYHMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar