AÝDYM-SAZLY SUNGATY ÄHLI NESILLERIŇ YLHAM JOŞGUNYNYŇ GÖZBAŞY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň guramagynda «Aýdym-sazly sungaty ähli nesilleriň ylham joşgunynyň gözbaşy» ady bilen Awazanyň kenarynda çagalar sungat mekdebiniň, medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda çagalar sungat mekdebiniň körpeje höwesjeňleri we sungat ussatlary ýurdumyzyň gözelligini, ýurdumyzyň ajaýyp gözel künjekleriniň biri bolan gojaman hazaryň kenaryny wasp edip gyzykly aýdym-saz konsertini berdiler. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň tomusky dynç alyş günleriniň dowam edýän günlerinde dynç alýan raýatlarymyz hem bu konsertden örän hoşal boldular.

Soňra, çykyş edenler, şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan, giň gerimli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsunlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Annagül BEGNAZAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar