MASLAHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde guramagynda Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dostlukly döwletlere iş saparlarynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen “Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri – bagtyýar ýaşlaryň nurana geljeginiň kepili” atly maslahat çäresi geçirildi.

Maslahat çäresine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri hem-de bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurtlara bolan iş saparlarynyň hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda uly ähmiýete eýedigini uly buýsanç bilen aýratyn nygtadylar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza türkmen halkynyň parahat, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläkde rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

Ogulnur DOWLETÝAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 52 okalan

PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI

29 Oktýabr 2025 | 65 okalan

ZEHINLI ÝAŞLAR

29 Oktýabr 2025 | 48 okalan

PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI