DOST-DOGANLYK GATNAŞYKLARY BERKEÝÄR

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar. Goňşy döwletler bilen hoşniýetli, ygtybarly gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy bilen dost-doganlyk gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň täze derejelerine çykýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki doganlyk ýurtlaryň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak döwlet ähmiýetli möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Saparyň dowamynda medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem aýratyn üns berildi. Saparyň çäklerinde türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylmagy goňşy ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak bilen çäklenmän, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine giň mümkinçilik berjek möhüm zolaga öwrüler, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň baý mazmuna eýe bolup, ähli ugurda hyzmatdaşlygyň barha berkemegine ýardam eder.

Ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende götermekde irginsiz aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

Şirinaý ÖWLÝAGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Öňki makala

WATAN SÖÝGÜSI

Meňzeş habarlar

01 Dekabr 2025 | 10 okalan

DOST-DOGANLYK GATNAŞYKLARY BERKEÝÄR

28 Noýabr 2025 | 97 okalan

WATAN SÖÝGÜSI

27 Noýabr 2025 | 115 okalan

BITARAPLYK — BAKY BAGTYÝARLYGYŇ BINÝADY