Seniň bahar ýüregiňde ýüwrdülip,
Gözüň guwanjyndan çitilen haly,
Göterip ýör seni, namysyň bolup,
Türkmen aýaly!
* * *
Daňyň şapagyndan darka bölünip,
Törüňe çaýylan öwüşgin ýaly.
Göterip ýör seni, şöhratyň bolup,
Türkmen aýaly!
* * *
Ak erişler – seniň ak arzuwyňdyr,
Göwnüň gözelligi – gyrmyzy göli.
Göterip ýör seni, seň yşkyň bolup,
Türkmen aýaly!
* * *
Ykbalyňy ýazyp çitimler bilen,
Sonar sähralardan alyp nagşyňy,
Kerwenleriň yzyn göle geçirdiň,
Möhür edip basdyň Günüň dogşuny.
* * *
Kakýan daragyňda çykýar dabyrdap,
Bedewleriň toýnagynyň owazy.
Halynyň üstüne eglen badyňa
Kükäp gelýär giň sähranyň howasy.
* * *
Alkyşlap gadymy Günüň şöhlesin,
Taryplap dünýäde halal çöregi.
Halyň bilen aýlanyp ýör älemi!
Türkmenleriň şahyrana ýüregi!