LÄLELER

Hoja Ahmet Ýasawynyň “Hikmetlerinde”: “Lälä aýdyp yşk dükanyn gursammykam” diýen setir bar. Setirdäki lälä (“Lä ilähäniň” gysgaldylyp aýdylyşy) sözi sopuçylyk adalgasy bolup, ondaky “ä” sesleriniň ikisi-de uzyn aýdylýar. Sopuçylykdaky läläni sopular aýdýan bolsa, halk döredijiliginiň adalgasy bolan läläni ýaş gelin –gyzlar kakýarlar. Läle adalgasy çaganyň sagdyn terbiýesi bilen baglanyşyklykda ulanylypdyr. Şonuň üçinem bu adalga çalymdaş birtopar sözler bar. Mysal ücin, irki wagtlarda lälä ( ýa-da la-la) pars dilinde şazadalaryň, jemgyýetiň ýokary gatlagyna degişli bolan adamlaryň çagalaryny terbiýeleýän, hat-sowat öwredýän, tälim berýän terbiýeçileri aňladypdyr. Täjik dilindäki “Lo-lo” sözi hem asylzadalaryň oglanjyklarynyň terbiýeçisi (ýagny, erkek adam) diýen manyny beripdir. Läle we lälä-i (La-la-i) wagtyň geçmegi bilen manylaryny özgertse-de, çaga terbiýesiniň çygryndan çykmandyr. Şeýlelikde, sopuçylyk taglymatynyň, däpleriniň jemgyýetçilik aňynda ornaşmagy bilen, zikirde belli bolan “hüwdiý” (hüwdi) aňlatmasynyň läläniň ornuny eýeländigini we ýaş çagany uklatmak üçin pessaý heňli aýdylýan aýdymjyklary aňladyp başlandygyny, lälänin bolsa gelin-gyzlaryň aýdýan aýdymjyklarynyň ady bolup galandygyny çaklamak bolar.

Läleler – şahyrana goşgy bentleri. Olar gelin-gyzlar tarapyndan döredilýär hem-de ýerine ýetirilýär. Halk döredijiliginiň bu žanry gelingyzlaryň üýşüp ýa-da ýekelikde aýdýan aýdymydyr. Üýşüp ýerine ýetirilende hor aýdymyna meňzeýär.Läleler dürli temada döredilýär. Läleler hem türkmen halkynyň başdan geçiren syýasy-ykdysady ýagdaýy, gelin-gyzlaryň durmuşy bilen baglanyşykda ýüze çykypdyr. Şonuň üçin hem olaryň mazmuny, ýöredilýän pikir läleleriň ýüze çykan döwrüniň durmuş meselesinden üzňe däldir. Lälelerde gelin-gyzlaryň maşgalada tutýan orny, olaryň ýagdaýy görkezilýär. Halk döredijiliginiň bu žanrynda gelin-gyzlaryň durmuşy, dürli taryhy wakalar, zähmet, söýgi, ahlak arassalygy wasp edilýär. Läle aýtmaklyk gelin-gyzlaryň gaýgy-hasratyny egismäge, olaryň arzuw-niýetini ýüze çykarmaga teselli beripdir:

Gyzlar daga çykalyň,

Gülüp-oýnap bökeliň.

Derdi egismek üçin,

Geliň, läle kakalyň!-

diýen setirler munuň şeýledigini subut edýär. Läleler öz aýdylyş usullary taýdan birmeňzeş däldir. Eger-de, läleleriň käbir bendi başam barmak bilen damaga çalaja kakylyp aýdylýan bolsa, birnäçe bentleri eginleri, aýaklary bilen läleleriň heňine laýyklykda, hereket arkaly ýerine ýetirilýär. Käbir bentler bolsa barmaklar dodaga, eňege kakylyp aýdylýar. Şonuň üçin hem olar damak lälesi, dodak lälesi, eňek lälesi, hymmyl lälesi ýaly görnüşlere bölünýär. Gelin-gyzlaryň hymmyl lälesinde (egin, aýak, el hereketiniň utgaşmagy) milli tansyň käbir görnüşi duýulýar.

Ozalky döwürde onçakly köp bolmasa-da, zähmet ýagdaýyny görkezýän aýry-aýry läleler döredilipdir. Olarda geçmişde türkmen halkynyň durmuşynda uly orun tutan maldarçylyk, ekerançylyk öz yzyny galdyrypdyr:

Çykdym dagyň pessine,

Dogan gördüm dessine.

Dogan orak orýança,

Saýa boldum üstüne.

Ýa-da:

Gaýra-gaýra bakar men,

Sary gawun eker men.

Türkmen gelin-gyzlary maşgalada el işlerieri bilen meşgullanypdyr. Olar berkligi, owadanlygy bilen tapawutlanýan haly, palas, kilim dokapdyrlar:

Gaýra-gaýra bakar men,

Dokma-darak kakar men.

Ýa-da:

Inçe egrip ýüplügi,

Ýarymyň köýnekligi.-

diýen ýaly setirlerde dokma-darak kakylyşy, ýüpek egrip, tara dokalyşy beýan edilýär.

Gyzlar läleleriň köpüsini doganyna, gelnejesine, boýdaşlaryna, ata-enesine bagyşlapdyr. Läle bentlerinde doganyna, gelnejesine bolan söýgüsi, birek-birege söýgi, sylag-hormat beýan edilýär. Gyzlaryň erkek doganyna bagyşlan lälelerinde, olaryň batyr ýigit bolup ýetişmegi, öz halanyna öýlenip, bagtly ýaşamagy arzuw edilýär:

Erik üstünde bişer,

Alma düýbüne düşer.

Meniň eziz doganma,

Gyzyň ýagşysy duşar.

Gyzlar ata-eneleri bilen her bir zat barada maslahatlaşmakdan çekinendigi üçin, gelnejesini ähli hossaryndan ýakyn görüp, gizlin syryny onuň bilen paýlaşypdyr. Goldaw-delalat isläpdir. Gelnejesi-de öz baldyzyna kömek beripdir. Gyzyň tolgundyrýan zatlar barada gelnejesi bilen maslahatlaşmagy tötänden däl. Sebäbi gelnejesi hem şol gyzyň ýagdaýyny bir wagt öz başyndan geçiripdir. Gyz gelnejesine ýüzlenip, şeýle diýýär:

Ýapa-ýapa ýaz ýagşy,

Ýagar boldy, ýeňňe jan.

Ýapynjasyz ýaş oglan,

Buýar boldy, ýeňňe jan.

Gelnejesi-de jogap berýär:

Ýapa-ýapa ýaz ýagşy,

Ýagsa ýagsyn, baldyzym.

Ýapynjasyz ýaş oglan,

Öýe girsin, baldyzym.

Gyzlaryň aýal doganyna, boýdaşlaryna bagyşlan läleleri gelnejesine bagyşlanylanlar bilen many taýdan meňzeşdir. Emma läleleriň aýal doganyna, boýdaşlaryna degişlilerinde köplenç aýralykdan zeýrenilipdir. Salam ýollap, habarlaşmak islenilýär:

Ilerimiz dagmydyr,

Üsti kese bagmydyr.

Uçup barýan ak guşlar,

Meniň joram sagmydyr.

Läleleriň köpüsi diýen ýaly söýgä bagyşlanylýar. Gyzlar näzik duýgusyny çuň manyly lälelerinde duýdurýar. Söýgä wepalylyk, päk ýüreklilik wasp edilýär:

Gögüň ýüzi gök çüýşe,

Dograp düzseler çişe.

Şonda-da dönmen senden,

Etme ýarym endişe.

Ýa-da

Kim halanna barmasa,

Gül ömri, ýaşy ýanar.-

diýen setirlerde, gyzlar halamadyk adamlaryna berilmegine garşy durupdyr. Il-ýurt, Watan hakyndaky, türkmen halkynyň durmuşynda bolup geçen wakalara bagyşlanylan läleler-de az däl. Olarda halkyň erkinlik ugrunda alyp baran taryhy söweşleri beýan edilýär. Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylyk temasy has belende galdy:

Gyzlar, läle kakalyň,

Dokma-darak kakalyň,

Hem frontda, hem tylda,

Ýeňip üstün çykalyň.

Läleleriň her bir bendinde gutarnykly pikir berilýär. Esasy many köplenç soňky iki setirde aňladylýar. Läleleriň her bendi dört setirdir. Her setirem 7-8 bogundan ybarat. Emma alty ýa-da sekiz setirden döredilen läle bentlerem bar. Läleler rubagy görnüşinde döredilip, her bendiň 1-nji, 2-nji, 4-nji setirleri (aaba) kapyýalaşýar. Emma setirleriň aabb, abab, aaab ýa-da aaaa şekilinde kapyýalaşýanlaram bar. Läleleriň her bir bentden soň, “lä-le” bogunlary birnäçe gezek gaýtalanýar, heňe getirilip aýdylýar.

Türkmen läleleriniň ýörite ýygyndylary 1941-nji hem-de 1960-njy ýyllarda neşir edildi. Ýurt Garaşsyzlyga eýe bolansoň, dikeldilen milli toý-baýramlarymyz, täze dörän däp-dessurlarymyz läleleriň temasyny baýlaşdyrdy, gerimini giňeltdi. Garaşsyzlyga, Bitaraplyga, ýurduň özgerişine, milli baýramçylyklara bagyşlanylan läleleriň sanawy artýar.

Meňzeş habarlar

25 Noýabr 2024 | 0 okalan

BAGBAN

22 Noýabr 2024 | 6634 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 1954 okalan

BAHYL ADAM