ÇAGALAR BILEN BAGLY YRYMLAR

Çaga garaşýan, göwreli aýala toýly aýal diýilýär, çünki, çaganyň dünýä inmegi bilen bäbek toýy tutulýar. Munda azan okalyp, bäbege at goýlup, pişme, nogul-nabat seçilýär. Täze doglan çagany türkmen tutumly toý bilen garşy alýar. Munuň özi ýaşaýşyň gözelligini, adama berlen ömrüň bagtlylykdygyny ykrar etmekdir.

* * *

Çaganyň saçyny syryp, türkmen galpak toýuny toýlaýar. Bäbegiň galpagyny daýysyna syrdyrýarlar. Oňa halat-engam ýapýarlar. Çünki türkmende «Är – daýa» diýen ynanç bardyr.

* * *

Çaga ilkinji diş çykanda, diş toýuny toýlaýarlar. Munuň özi çaga dogumlylygy, rysgallygy we garadangaýtmazlygy arzuw etmekdir.

* * *

Oglan çaga ekabyr çykansoň, sünnet toýy edilýär. Sünnetiň manysy çaganyň elini halallamak, erkek kimin mertligi arzuw etmekdir.

* * *

On üç ýaşa çenli bolan çagalyk müçesi perzende has ünsli, has eserdeň garalýan döwürdir. Ýedi ýaşa çenli oňa şulary bagyş et:

Doglanda toý edip, uly iliň maslahaty bilen gözel at dak!

Bedenini mata gundagy, kalbyny hem akylyny edep gundagy bilen gundagla!

* * *

Türkmen toý tutar: «Oglum boldy», «Gyzym boldy» diýip, toý tutar, çileden çykdy diýip, toý tutar, gülüp berdi diýip, toý tutar, çagajygyň galpagyny daýysyna syrdyryp, toý tutar, inji berip, toý tutar, ýörjen-ýörjen boldy diýip, toý tutar, diş çykdy diýip, nogul-nabat seçip, toý tutar, sünnet etdirdim diýip, toý tutar, ata çykdy diýip, toý tutar, garaz, türkmeniň toýy-baýramy köpdür, gaty köpdür...

Türkmeniň baş dilegi: «Gazananyň toýuňa ýarasyn!» diýmekdir.

* * *

Çaganyň diş toýunda daýy-daýzalary köke-süýji seçýändir.

* * *

Çörek bişireniňde, kiçijik kökeler etmelimiş. «Şonda çagaň bolar, köpelip gi­dersiň» diýlip, yrym edilýär.

* * *

Gelne baş salmak däbi ýerine ýetirilende, «Gelniň tiz çagajygy bolsun» diýlip, gelniň goltugyna çaga berilýär ýa-da etegine aşyk salynýar.

* * *

Gelin atasy öýüne gaýtarylyp äkidilende, bildirmän, başbogusynyň ujuna «çagasy bolsun!» diýlen ýagşy niýet bilen aşyk daňylýar.

* * *

Hamyla aýal saçuzyn (saçöser) iýse, doglan çaga saçlak bolarmyş.

* * *

Çaga doglanda, arassalyk üçin kümüş atylan suwa düşürilýär.

* * *

Hamyla gelin agzy bimaza döwründe gök önümleri, miweleri kän iýse, doglan çaga näzik, görmegeý, sypaýy bolarmyş.

* * *

Saçlary buýra-buýra çaga ot ýaly dogumly bolarmyş.

* * *

«Täze doglan çaga oňat at daksaň, ulalanda bagtly bolýar» diýilýär. Çaga at dakylanda «Adyna mynasyp bolsun» diýlip, onuň özüne mynasyp at dakmaly. Ýaramaz atlar dakmaly däl.

* * *

Çaga ýumruklary düwülgije dogulýar. Şonda onuň ýumrujagyny açyp, kümüş teňňe salyp, üç gezek eljagazyny sypalap: «Tutup bilen rysgalyňy tut, balam! Rysgallyja bol, balam!» diýip, eljagazyny açýarlar.

Çaganyň häsiýeti göbegenesine meňzär. Çaga: «Öz eneme meňzemesem hem, ýerden göterene meňzärin» diýermiş.

* * *

Azan aýtdyrylanda, çaganyň gulaklary açylarmyş.

* * *

Çaga ilkinji diş çykanda «Patrak ýaly patrap çyksyn» diýlip, patrak seçilýär. «Kemputlary kytyrdatsyn, ak gandy hytyrdatsyn, mekge ýaly hatarlansyn, daşa degse, döwülmesin, ömür-ömür kütelmesin!» diýlen alkyşlar bilen seçgi seçilýär.

* * *

Çaganyň dişiniň çykanyny ilkinji gören adama halat-serpaý salynýar.

* * *

Säher bilen doglan çaga bagtly bolarmyş.

* * *

Ýaş çaga malyň dilini, diliniň ujuny iýdirseň, tiz dil açar, ulalanda dilewar bolar.

* * *

Ýaş çaga ommalyp, iki aýagynyň arasyndan yzyna garasa, myhman gelermiş.

* * *

Çaga doglanda, niresinde meň barlygyny barlap, yrym edipdirler. Şol meňden çaganyň nähili adam bolup ýetişjekdigini bilmeklige çalşypdyrlar. «Eli meňli – işe ýakyn, gözi meňli – ýaşa ýakyn, agzy meňli – aşa ýakyn», «aýagy meňli – gezegen», «göwsi meňli – görgüli», «boýny meňli – bergili», «ýüzi meňli – owadan», «gulagy meňli – gepe ýakyn», «ýaňagy hally – hyjuwly» diýlen ýaly yrym-ynançlar halk arasynda ýaşap gelýär. Olaryň käbirleri bolsa uzak döwürleri başdan geçirip, nakyla öwrülip gidipdir. Mysal üçin: «Eli meňli işeňňir» we ş. m.

Öňki makala

LÄLELER

Indiki makala

TÜRKMEN MILLI OÝUNLARY

Meňzeş habarlar

25 Noýabr 2024 | 0 okalan

BAGBAN

22 Noýabr 2024 | 6634 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 1954 okalan

BAHYL ADAM