Türkmen milli oýunlary çagalar üçin diňe bir güýmenje bolman, eýsem beden we ruhy taýdan sagdyn bolmakda hem ähmiýetlidir. Oýunlaryň köp görnüşleriniň, esasan, çagalaryň arasynda topar bolup oýnalmagy, olarda bir-biregi hormatlamagy, dogruçyllygy, kömek bermegi hem-de mynasyp ýeňmegi we ýeňilmegi, dostlukly gatnaşyklary kemala getirýär. Şeýle-de oýunlar çagalarda çalasynlygy, ünslüligi, pikirlenmegi we sabyrlylygy terbiýeleýär. Ine, çagalaryň arasynda oýnalyp gelýän, çalasynlygy, ugurtapyjylygy talap edýän şeýle oýunlaryň biri-de zynjyr oýnudyr.
«Zynjyr» ýa-da «Otly» oýny diýlip atlandyrylýan bu oýun 6-40 sany ýetginjekleriň arasynda meýdançada ýa-da sport zalda oýnalýar. Bu oýunda oýunçylar biri-birleriniň yzlarynda hatar durup, billerinden ýa-da guşaklygyndan mäkäm tutýarlar. Oýunçylaryň içinde has güýçlüsiniň biri hataryň başynda, ýene biri hem soňunda durýar. Belli bir oýunçynyň yşarat bermegi bilen oýun başlanýar. Başda duran oýunçy ýöräp, meýdançanyň içinde tizligini artdyryp, aýlaw etmäge başlaýar. Soňabaka başda duranyň tizlik derejesi has-da artyp, aýlaw ugurlaryny çalasynlyk bilen üýtgedip ugraýar. Beýleki yzyna düzülen oýunçylar bolsa aýlawlara we tizlige görä, hereketi dowam edip, zynjyry üzmezlige çalyşýarlar. Eger-de aýlawyň ugry üýtgände zynjyry bir oýunçy üzse ýa-da oýunda herekete we aýlawlara boýun bolmasa, şol oýunçy oýundan çykarylýar. Kim-de kim hatarda soňuna çenli durup, hereket edip bilse, şol hem oýnuň ýeňijisi bolýar. Oýun 3-5 minut töweregi dowam edýär.
Türkmen milli oýunlarynyň biri-de bäşdaş oýnudyr. Bu oýny gyzjagazlar bäş sany birmeňzeş togalajyk daş bilen oýnaýarlar. Bijesi çykan oýunçy daşlary ýere seçeläp, olaryň birini «guş» saýlaýar. «Guşuňy» çala ýokary oklap, ýerde seçelenip ýatan daşjagazlary bir-birden çöpläp almaly. Her daşy alaňda hem «guşuňy» gapyp ýetişmeli. Egerde oýunçy «guşuny» gapyp bilmese, oýun indiki oýunça geçýär, egerde gaçyrmasa, oýun dowam edýär. Soňra daşlary iki-ikiden, bir daşy aýry, üçüsini birden, dördüsini birden almaly. Oýnuň indiki tapgyry «Topby» diýlip atlandyrylýar. Daşlary gysymyňda saklap, «guşuňy» ýokary oklanyňda, aýaňdaky daşlary ýere goýmaly we «guşuňy» gapyp ýetişmeli. Soň ýenede daşlary ýerden almaly. Oýun gitdigiçe çylşyrymlaşyp, etmeli hereketler kynlaşýar we oýunçylar çalt-çaltdan özleriniň nobatlaryny çalşyp ugraýarlar. Indiki tapgyrda daşlary ýere seçeläp, «guşuňy» ýokary zyňyp, ýerden bir daşy almaly, «guşuňy» gapanyňda, eliňdäki daşa degmez ýaly etmeli. Şol alan daşyňy külembike barmagyňda berk saklap, ikinji daşy almak üçin «guşuňy» ýokary oklamaly hem-de ýerden indiki daşy alaňda eliňdäki daşy goýup, hemme daşlary çalyşmaly. Soňra «guşuňy» ýokary oklap, bir daşy, eliňdäki iki daşy oklap üçünji, üç daşy oklap dördünji, dört daşy oklap bäşinji daşjagazy hem almaly.
Oýun barha çylşyrymlaşyp, dartgyny artýar. «Gowak» etmek üçin çep eliň süýem barmagyny orta barmagyň üstünde goýup, başam barmak bilen orta barmagyň arasyny açyp ýere goýanyňdan soň, daşlary eliň arasyndan geçirmeli. «Haýat» etmek üçin çep eliňi keseligine goýup, daşlaryňy seçmeli. «Guşuňy» ýokary oklap, daşlary bir-birden eliň üstünden beýleki tarapa oklamaly. «Dag» tapgyrynda çep eliňi gümmez görnüşinde barmaklaryňy ýere goýup, daşlary üstünden akdyryp, «guşuňy» ýokary oklamaly we her daşy bir barmagyň arasyndan geçirmeli. «Seçdi» tapgyrynda bäşdaşyň hemmesini aýaňa alyp, ýokary zyňmaly-da, eliň ýeňse tarapy bilen gapyp almaly. Soňra ýene-de ýokary zyňyp, eliň aýasy bilen gapmaly. Bu hereketleri bäş gezek gaýtalanyňdan soň, eliňde gaçman galan daşlaryň sany seniň näçe utuk gazanandygyňy aňladýar.
Milli oýunlarymyzyň biri bolan bäşdaş oýny çagalaryň agzybir, çeýe, ugurtapyjy bolmagyna we dürli kynçylyklary ýeňip geçmegine ýardam edýär.