“Paýhas çeşmesinde” umyt we yhlas hakynda

Umyt – güýç, güýç – ynanç.

* * *

Umyt ölmez, rysk kemelmez.

* * *

Umyt örä tartar, umytsyzlyk – göre.

* * *

Umytly guş Käbä ýetmiş.

* * *

Çykmadyk janda umyt bar.

* * *

Sakgaly ýok, murty ýok – dünýäden umydy ýok.

* * *

Arpadan, bugdaýdan elim üzüldi, umyt saňa galdy, dary harmany.

* * *

Çakmak çaksaň, ot ýanar, yhlasa kuwwat gonar.

* * *

Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar.

* * *

Yhlasa – myrat.

* * *

Ylym – yhlas.

* * *

Dagy beýik diýme, yhlas etseň çykarsyň,

Duşmany güýçli diýme, gaýrat etseň ýykarsyň.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2025 | 80 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ GYMMATLYGY

20 Noýabr 2025 | 74 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ RUHY KUWWATY

19 Noýabr 2025 | 168 okalan

GYZ EDEBI — IL EDEBI (DÖWÜR WE TERBIÝE)