Durmuş toýy bilen baglanyşykly türkmeniň özboluşly dessurlarynyň, öz ähmiýetli düşünjeleriniň birgiden ulgamy kemala gelipdir. Durmuş toýuna, adatça, ogul öýermek diýilýär. Sebäbi toý tutulmagy arkaly gelin alnyp berlen oglana özbaşdak öý tutupdyrlar. Munuň özi müňlerçe ýyllar mundan ozal dörän oguz däbidir. Öýlenmekçi bolýan ýigit türkmen sährasynyň bir ýerine ýaý atypdyr, onuň düşen ýerinde gerdek gurlup, ýurt tutulyp, toý toýlanypdyr.
* * *
Toý güni gelnalyjy gelip, gyzyň başyna kürte atyp, ony oglanyň öýüne alyp gidýär. Gyzyň atasy öýünden çykarylmagy birgiden dessurdyr. Şonda gyz alnyp çykylanda, gapy tutulýar, diňe gapy tutýanyň serpaýy berlenden soň, gelinligi daşary çykaryp bolýar. Şol ýerde gyzyň üstüne dürli seçgiler seçilýär.
* * *
Durmuş toýunda ýigidiň hem gyzyň edep kadalary türkmençilikde takyk işlenip düzülendir. Nika gijesiniň ertesi gelin öz gaýynlarynyň ýanyna salama barýar. Gelin kürtesini aýyrman, ilki gaýyn atasy bilen, soňra gaýyn enesi bilen tagzym edip salamlaşýar. Ol öz ýany bilen olara, beýleki hossarlaryna getiren sowgatlaryny ýanyndaky gyzyň kömegi bilen gowşurypdyr.
* * *
«Gelin ýanýoldaşynyň hyzmatynda bolsun» diýip, oňa guşak çözdürmek, ädik çykartmak dessurlary ulanylýar.
* * *
Käbir ýerlerde gelinlige dokuz jübüt halat salynýar, «dokuzy düzüw» diýilýär. «Dokuzyň düzüw bolmagy» diýen düşünje hem şondan galypdyr.
* * *
Toý başlanmazyndan birnäçe gün öň goňşy-golamlar «oň bolsun-a» gelip başlaýarlar. Köplenç saçakly gelýärler. Saçaga jübüt çörek bilen üstüne süýji zatlar goýýarlar. «Toý süýjülik bilen tutulsyn, gelin gelen ýeri bilen agzybir, süýjülikde ýaşaşsyn, tutan toýy oň bolsun, jübüt bolsunlar» diýlip, arzuw edilýär.
* * *
Käbir ýerlerde toý başlananda nahar çekilse, çorbanyň içine nan dogralyp iýilýär. Munuň «Gelin ýumşak bolsun, gelen ýeri bilen agzybir bolup, garylyp-gatyşyp gitsin» diýen manysy bar.
* * *
Käbir ýerlerde gelin bosagadan ätlände, «aklyk üçin, gowy günler görsün» diýen ýagşy niýet bilen, aýagynyň aşagyna ak mata ýazylýar. Soňra şol matadan ýyrtylyp, toýa gelen märekä paýlanylýar.