Sagdyn düşünjä görä, perzent öz barlygynyň sebäpkärine hormat we sarpa goýmalydyr, ol öz aslyna hem hormat, sarpa goýmalydyr, onuň asly bolsa ata-enedir.
***
Ene bilen atany sylamagyň iň bärkije zerurlygy: olaryň ikisi-de sen bilen seni ýaradanyň arasyndaky güwäçilerdir. Diýmek, sen özüňi we ýaradanyňy sylaýan bolsaň, öz güwäçileriňe-de hormat goýmalysyň. Akyly bolan perzent hiç haçan ata bilen enesini unutmaz.
***
Ata-ene seni jan-dil bilen ösdürip ýetişdiren adamlardyr. Sen olaryň göwnüne degseň, hiç haçan ýagşylyk garasyny görmersiň. Çünki göze görnüp duran ýagşylygyň gadyryny bilmeýän adam galan ýagşylyklaryň gadyryny nireden bilsin.
***
Perzentleriň saňa nähili rakyp bolmaklaryny isleseň, senem ata-eneňe şonça rakyp bolgun!
***
Perzent miwä meňzese, ata-ene daragta meňzeýändir. Daragtyň idisini ýetirdigiňçe miwesi köp we datly bolar, ata-eneňi hem näçe sylap, olara näçe hyzmat etseň, olaryň sen hakdaky doga-dilegleri şonça tiz hasyl bolar.