ATAMYŇ DURMUŞ HAKDA AÝTMADYK ZATLARY

Dem almak durmuşda ýaşamak mümkinçiligini berýär, okamak ýaşamaga mynasypdygyňy görkezýär.

***

Ýaşaýyşda yz galdyrjak bol. Her günüňi, sagadyňy, sekundyňy, demiňi sanap ötürme, manyly bir iş etmek üçin çalyş.

***

Akylly adamlaryň iň uly strategiýalarynyň biri – mätäç bolmazlyk. Gazanyp bilmejek ýa-da el ýeteriňden alysda bolan zady isleseň, ol pikirleri dessine kalbyňdan, ýüregiňden çykar. Şeýtmeseň, gazanmak şehwetine – işdämenlik nebsiňe “haý” diýip, ony durzup bilmersiň. Diňe şeýtmek bilen nebsiň täsirinden aýňalyp bilersiň.

***

Ýagşy pikirleri ýaýyjy adamlar ýüreklere eltýän ýoly tapmak üçin durmuş derslerinden pugta sapak almaly. Biz diňe ýagşy ýola çakylykçylar, aýdyjylar, ýetirijiler. Biz kazylar, derňeýjiler, baha berijiler däl. Biz diňe şuglaly şemi göterijiler, biz hökümleri ýerine ýetirijiler däl. Biz diňe pikir we düşünje eýeleri, şonuň üçin ýüreklerimizi, gursaklarymyzy gapma-garşylyklar bilen doldurmalyň we daraltmalyň.

***

Haýyr miwesini berjek bir daragty ekmeýän bolsak, ýa-da hakykatyň tohumlaryny sepelemeýän bolsak, ýa-da bizden soňky nesiller peýdalanar ýaly ylym daragtyny oturtmaýan bolsak, ine, bu iň ýaramaz durmuşdyr.

***

Durmuşda ýokary göterilmek we üstünlik gazanmak hiç bir adam üçin hem bolmajak zat däl (hemmeler üçin hem mümkin). Ýöne munuň garşylygyny ödemegi her kes boýnuna alanok. Bahasyny öňünden tölemedik adam ony ele salyp, gazanyp bilmez. Üstünligiň bahasy hiç zatdan arz-şikaýat etmän, hiç wagt zeýrenmän, maňlaý deriňi döküp işlemekdir.

***

Iň töwekgelçilikli, gorkuly, hatarly durmuş içinde hiç hili gorky-howsala bolmadyk durmuşdyr. Iň uly howp-gorky bolsa hiç zatdan gorkusyz ýaşalan ömürdir. Iň uly şowsuzlyk – şowsuzlykdan gorkup, hiç hili hereket etmän durmaklykdyr.

***

Biz isleýän her bir zadymyzy gazanyp bilmeýäris. Heniz isleýän, tama edýän zatlarymyz ýene-de köp bolar. Eger-de gözlerimiziň dok, ruhumyzyň rahat bolmagyny isleýän bolsak, onda Allatagalanyň bize bagyş eden nygmatlaryna kaýyllyk, kanagatlylyk we razylyk nazary bilen bakmalydyrys. Şeýle hem bir zady unutmaly däldiris – biziň elimizde bar zatlar hut şu wagt kimdir biriniň iň elýetmez, aňrybaş arzuwlary bolup durýandyr.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR