Türkmen milli oýunlary her bir ýaş şahsyýetiň kemala gelmegine güýçli täsir edýär. Olarda türkmen milli oýunlarynyň üsti bilen eserdeňlik, ünslülik, duýgurlyk, ýatkeşlik hemde çuň aňyýet terbiýesi kemala gelýär. Adam süňňüniň çeýeligi, çalasynlygy, çaltlygy, çydamlylygy, ugurtapyjylygy, çylşyrymly pursatlardan baş çykarmagy pedagogiki-psihologiki terbiýäniň, ahlak, zähmet, estetiki, beden we akyl terbiýesi ýaly görnüşleri bilen içgin baglanyşyklydyr. Türkmen milli oýunlarynyň taryhy örän gadymydyr. Oguzlar, Seljuklar zamanasyndan soň geçilen müňlerçe ýyllyk ýollar oýunlaryň öz döwürleri bilen baglanyşykly barha kämilleşmegine getirdi. Türkmen milli oýunlarynyň biri-de “Ogar-ogar” oýnudyr.
Oýnuň oýnaljak ýeri: Oýun sport meýdançalarynda ýada sport öýünde oýnalýar.
Oýna taýýarlyk: Oýna 10-dan 40-a çenli oýunçy gatnaşyp biler. Oýunçylaryň islegleri boýunça ýada bije atyşyp, sanawaç aýdyşyp, möjek saýlanýar. Möjek saýlanlaryndan soň oýunçylar biri-birleriniň ellerinden tutup, tegelenip durýarlar, möjek bolsa tegelegiň ortasynda uklan bolup ýatýar.
Oýnuň oýnalyşy: Oýunçylar her hili hereketler edip, aýdym aýdyşyp, tegelegi barha gysyp, möjege golaýlaşýarlar. Oňa ellerini degirmäge synanyşýarlar. Oýunçylaryň elleri möjege degeninden soň, möjek çalt ýerinden turup, oýunçylaryň yzyndan kowalap, tutmaga synanyşýar. Möjek oýunçylaryň birine elini degrip tutsa, onda tutulan oýunçy möjek bolýar. Eger-de tutup bilmese, onda oýun täzeden dowam edýär.
Oýnuň düzgünleri: Oýun ýolbaşçynyň rugsady bilen başlanýar. Möjek oýunçylary diňe çäklendirilen ýere çenli kowalap, tutup biler.
Oýnuň başga görnüşleride bolup biler: 1. Möjek birbada birnäçe oýunçyny kowalap, el degrip tutup biler. Tutulan oýunçylar oýundan çykarylýar. Haýsy möjek oýunçyny köp tutsa, şol möjege çalt, çalasyn we batyr möjek diýip baha berilýär. 2. Oýunçylaryň sany köp bolsa, onda oýny iki tegelekde hem geçirmek bolar.