DANALARDAN DÜRDÄNELER

Daşy deşýän suwuň güýji däl-de, damjalaryň dowamlylygydyr.

***

Asyl ýetimler ene-atasy bolmadyklar däl-de, ylmy we ahlagy ýoklardyr.

***

Üstünlik ynsana köp zat öwretmez, emma şowsuzlyk köp zat öwreder.

***

Bütin uly işler, kiçijik başlangyçlar bilen bolýar.

***

Iň beýik işler beýik hyýallar guran adamlar tarapyndan amala aşyrylýandyr.

***

Şemalyň ugruny üýtgedip bilmeris, emma gäminiň ugruny üýtgedip bileris.

***

Maksatsyz işleýän kişi, ülke-ülke aýlanyp hazyna gözleýän adama meňzeýär.

***

Ynsanyň saglygyny goraýan iki esas bar. Olar käriňi we durmuşyňy söýmekdir.

***

Gowy ýa-da erbet diýen zat ýokdur, biz düşünjelerimizde ýagşyny we ýamany döredýäris.

***

Garaşmany bilen adam, ähli zady gazanyp biler.

***

Gözleýänini bilmedik, tapanyna düşünmez.

***

Adamyň geljek bilen bagly umytlary, şu wagtky güýjüniň çeşmesidir.

***

Kynçylyklar üstünligiň gymmatyny artdyran bezeglerdir.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR