“PAÝHAS ÇEŞMESINDE” ÝER-ÝURT WE TOPRAK HAKYNDA

Adam edebinden tanalar, ýurt – tugundan.

* * *

Ýeri ýokda, Watan ýok.

* * *

Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan – ölinçä.

* * *

Edenli adam topragy altyna öwrer.

* * *

Ýeriňi bejermeseň, aç galarsyň, ýabyňy arçamasaň, puç galarsyň.

* * *

Är dogan ýerini küýsär, it – doýan ýerini.

* * *

Özge ýerde soltan bolandan öz iliňde oltaň bol.

* * *

Ot köýdürer, ýer doýdurar.

* * *

Ýagşy ili bilen magtanar, ýer – käni bilen.

* * *

Är hereketi – ýer bereketi.

* * *

Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp.

* * *

Alys ýeriň bugdaýyndan ýakyn ýeriň samany ýagşy.

* * *

Baýlygyň enesi – ýer, atasy – zähmet.

* * *

Bir batman altynyň bolandan, bir daban ýeriň bolsun.

* * *

Çyn baýlyk ýa ýer bilen, ýa-da zer bilen.

* * *

Ýere gulluk eden bir ýyldan baý bolar, mala gulluk eden – ýedi ýyldan.

* * *

Her kim öz ýurdunda handyr-soltandyr.

 

Öňki makala

DANALARDAN DÜRDÄNELER

Indiki makala

ÝAŇYLTMAÇLAR

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR