Gawun baradaky maglumatlar has irki döwürlere degişlidir. Orta asyrlarda Orta Aziýadaky musulman halklarynyň arasynda hem gawun iň datly iýmit hasaplanylypdyr. Häzirki döwürde Türkmenistanda gawunyň ösdürilip ýetişdirilişine, onuň görnüş köpdürliligine, gadymdan galan ajaýyp görnüşlerini gorap saklamaklyga ýokary derejede üns berilýär. Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolnandan soň, her ýylyň awgust aýynyň ikinji ýekşenbesi Türkmen gawunynyň baýramy döwlet derejesinde bellenilýär.
Her bir türkmen öz ýaşaýşyny gawunsyz göz öňüne getirmeýär. Tomus paslynyň yssy günlerinde ter, sowujak gawundyr garpyza taý geljek zat, megerem, ýok bolsa gerek. Türkmen halky düzümi witaminlere baý, kädiler maşgalasyna degişli bolan gawundan mürepbe, džem, kak, sök ýaly birnäçe iýmitleri taýýarlapdyrlar. Biz hem bu gezekki sanymyzda hormatly Prezidentimiziň irginsiz zähmeti netijesinde çapdan çykan “Bereketli türkmen saçagy” kitabynyň ikinji jiltinden gawundan kakyň taýýarlanyşyny bermekligi makul bildik.
Kakyň taýýarlanylyşy:
Düzüminde köp möçberde gant bolan gawunyň paçagyny we çigidini aýyrmaly, etini uzyn boýuna kesişdirmeli. Taýýar edilen gawun böleklerini arassa faneriň üstüne goýmaly we açyk howada guratmaly, wagtal-wagtal agdaryp durmaly. Guramazdan öň gawun dilimlerini örmeli we asyp goýmaly. Kakadylan gawun ýumşak, maýyşgak we goňur reňkde bolmaly. Kak örän tagamlydyr we ony köp wagtlap saklap bolýar.