Türkmen halky ir döwürlerden bäri şatlykly günlerini we möhüm seneleri uludan toý tutup, dabaralandyryp gelipdir. Mälim bolşy ýaly, her bir toýuň hem öz aýratynlyklary bolup, olar kem-kemden durnukly däp-dessurlara öwrülip gidipdir.
Durmuş (gelin) toýy halkymyzyň tutýan toýlarynyň naýbaşylarynyň biridir. Bu toý bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň köpüsi häzirki döwre çenli gelip ýetipdir.
Türkmen toýy elmydama uludan tutulyp, onda at çapdyrmakda, göreş tutmakda, ýaglyga towusmakda bäsleşilipdir, “ýüzük tapdy” ýaly oýunlar oýnalypdyr.
Türkmenleriň geçmişde tutan gelin toýundan söz açylsa, ilki bilen kejebe göz öňüňe gelýär. Gelni, adatça, düýäniň üstünde gurnalan kejebä salyp, gelnaljylap alyp gaýdypdyrlar. Kejebäni taýýarlamak aňsat bolmandyr. Ýörite agaç ussalary ilki bilen kejebäniň gümmezini ýasapdyrlar. Gümmezi ýasamak üçin uga meňzedilip egreldilen tal agajyny ulanypdyrlar. Kejebäniň girilýän ýeri düýäniň kelle tarapyndan goýlupdyr. Kejebe içine gelin bilen eltisi sygar ýaly ululykda ýasalypdyr. Kejebäniň içine haly düşelipdir, onuň üstüni bolsa halydan ýa-da matadan edilen kejebelik bilen bezäpdirler. Kejebeli düýäni kejebelikler, düýehalyklar, düýeboýunlyklar, düýedyzlyklar ýaly haly önümleri, şonuň ýaly-da, otagaly owsar bilen bezäpdirler. Ogul öýerilende tutulýan gelin toýuny diňe bir öýlenýän oglanyň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary däl, eýsem, bütin oba bolup, agzybirlik bilen sowupdyrlar. Toýda bagşy hem aýtdyrylypdyr.
Kejebeli düýäni täze gelniň ýüwürjisi boljak oglan ýa-da ýakyn garyndaşlarynyň biri idip gelipdir. Täze gelen gelni halylar we haly önümleri bilen bezelen ak öýe alyp barypdyrlar. Gelnaljy gelensoň, toý märekesine milli toý tagamlary bolan palaw, dograma, ýarma hödür edilipdir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş toýlary döwrebap, täze röwüşe eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde Bagt köşkleri gurlup, ýaş çatynjalaryň hyzmatyna berildi.