Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gadymyýetden biziň günlerimize çenli gelip ýeten medeni mirasymyzy, Orta asyrlarda dünýä ylmynyň ösmegine saldamly goşant goşan alymlarymyzyň, görnükli akyldarlarymyzyň ömrüni we döredijiligini has-da içgin öwrenmegimize giň mümkinçilikler döredilýär. Ylyma, bilime teşne türkmen ýaşlarynyň ýokary okuw jaýlarynyň giriş synaglaryna taýýarlyk döwründe saýtymyzyň “Ruhy miras” bölüminde beýik türkmen akyldarlarynyň biri bolan, özüniň ylmy bilen taryha adyny ýazdyran şahs — Nejmeddin Kubra Abuljennap Ahmet ibn Omar Hywaky Horezmi barada käbir maglumatlary ýaşlara ýetirmek isledik.
Taryhy maglumatlara görä Şyh Nejmeddin Kubra 1141-nji ýylda gadymy Köneürgençde dogulýar. Ol ýaşlygyndan birnäçe ylymlary çuňňur özleşdirip başlaýar. Hususanda, hadys ylmy, fykh, tefsir we ýene birnäçe ugurlary ymykly özleşdirýär. Sopuçylyk ylmyna ýykgyn edip başlaýar. Nejmeddin Kubra ylym-bilimini artdyrmak üçin döwrüniň möhüm ylmy merkezleriniň birnäçesine gidýär. Nyşapur, Hemedan, Yspyhan, Mekge ýaly şäherler ussat piriň ömrüniň gymmatly möwsümlerini geçiren ýerleridir. Soňra ol Horezme dolanýar. Nejmeddin Kubranyň ikinji syýahaty Müsür sebitlerine, esasanam Isgenderiýýe şäherine bolýar. Ol bu ýerde birnäçe mütdet ýaşaýar. Soňra dogduk ili Horezme dolanyp, ömrüniň ahyryna çenli bu ýerde ýaşaýar. Şägirt ýetişdirmek, ylym-bilim öwretmek bilen meşgul bolýar. Nejmeddin Kubra il-ýurt, din-iman üçin mertlerçe söweşen gerçekdir. Ol mongollar bilen bolan söweşde gursagyndan ýaralanyp, şehit bolýar.
Ylmy-edebi eserlerde Nejmeddin Kubranyň ady bilen onuň birnäçe lakamlary hem beýan edilýär. Bu lakamlaryň ählisi Nejmeddin Kubranyň manyly we bütin adamzada nusgalyk ömrüniň aýdyň kesgitlemesi bolup görünýär. Nejmeddin Kubra “Sany al-ewliýa” ýagny, “welitaraş” – welileri ýetişdiren şyh diýen lakam berlipdir. Bu lakam onuň welilik, pirlik mertebesine ýeten köpsanly şägirdiniň bolandygyny aňladýar. Taryhda şu lakama Nejmeddin Kubradan başga mynasyp bolup bilen başga bir adamyň ýokdugy aýdylýar. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynda Nejmeddin Kubranyň şägirtleriniň akyl-paýhaslylygy, pespälligi, şükranalygy hakynda şeýle rowaýat getirilýär:
Bir gezek Nejmeddin Kubranyň şägirtleriniň biri kerwene daklyşyp, hezretiň tabşyrygy bilen uzak ýola sapara çykypdyr. Ep-esli ýörensoňlar, garaňky gatlyşypdyr. Golaý-goltumda oba-gara bolmansoň, kerwendäkiler şol ýerde düşlemegi müwessa bilipdirler. Howanyň çigrekligi bulary az-kem aljyradypdyr. Töwerekden tutaşdyrlyk odun tapmak hem hylalla bolupdyr. Garaz, ahyry bir saý bilen oňşarlyk odun çöpläpdirler. Boldugyndan nahar-şor edinipdirler. Kerwendäkiler az-kem zeýrenip başlapdyr. “Hernä, sag-aman menzilimize bir aşsak, ýogsam, bu sowuk aldajy ýaly gagşadyp goýanok. Irgözinden ýola düşen bolsak, belki-de, bu çola ýerde düşlemezdik” diýşipdirler. Emma alymyň şägirdi zeýrenmek beýle-de dursun, Perwerdigäre senalar aýdyp, şükür edip oturan eken. “Biz-ä şeýle şükür eder ýaly ýagdaý göremzok. Gijäniň tümlügi. Gyşyň aňzagy. Daşymyzda köwejekläp ýören aç möjekler. Ýeri, şükür eder ýaly näme bar?” diýşip, argyşçylaryň käbiri geňirgenipdir. “Ýaradan näme görkezýän bolsa, bizi synamak ýa-da taplamak üçin görkezýär. Hikmetsiz çöp başy gymyldamaz. Biz şu mahal nähili ýagdaý bilen gurşalan bolsak, bu biziň üçin iň haýyrly ýagdaýdyr. Şükür edýänlere, mundanam gowusy garaşýandyr. Biribaryň hemaýaty biziň oňa garaşan wagtymyz däl-de, tüýs bize gerek wagty-aýny wagtynda gelýändir” diýip, şägirt jogap beripdir.
Nejmeddin Kubranyň “Kubra” lakamy hakda hem taryhy çeşmelerde maglumatlar kän. Pir hezretleri oglanlygyndan başlap aň-zehin, ukyp babatda deň-duşlaryndan mese-mälim tapawutlanypdyr. Kyn meseleleri çözmekde, çuňňur düşündirmekde hatda birnäçe alymlardan hem ökde çykypdyr. Onuň daş ýarýan zehinini, ylym-bilimini göz öňünde tutup, oňa “Tammat al-kubra” – ylym-bilimi beýik tupan, harasat ýaly diýen lakam berlipdir. Soňlugy bilen “tammat” sözi ulanyşdan galyp, “Kubra” sözi has meşhur bolupdyr.
Nejmeddin Kubranyň miras galdyran eserleri örän köp bolup, Hajy Halypanyň “Keşf az-zunun” atly eserinde piriň ýedi sany eseriniň ady getirilýär. Nejmeddin Kubranyň edebi mirasyna degişli golýazma çeşmelerini düýpli öwrenen alymlar bolsa, onuň 32 sany eserini we olaryň golýazmalaryny ýatlap geçýärler. Olaryň arasynda “On usul”, “Sünnetiň we hak ýolunda ýöremegiň beýany”, “Sopuçylygyň üç görnüşi hakda risala”, “Gözellik kokulary we Jelal syrynyň açylyşy”, “Nejminiň tefsiri”, “Durmuş çeşmesi” atly eserleri we meşhur rubagylary bardyr.
Nejmeddin Kubra 1221-nji ýylda dünýäden ötýär we Horezmde jaýlanýar.