Millilik hem döwrebaplyk

Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň güýzünde paýtagtymyzda Welotrek boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Bu iri sport ýaryşyny ýokary derejede geçirmek üçin uly tagalla edilýär: milli ýygyndymyzyň türgenleri ussat tälimçi Nargeldi Igdirowyň tälim bermeginde her gün iki wagtyna, ýagny irden Köpetdagyň eteginde şosse boýunça 60 – 80 kilometrlik menzili geçip, öýlän bolsa Olimpiýa şäherçesindäki Welotrek sport toplumynda türgenleşik işlerini alyp barýarlar.

Ýadyňyzda bolsa, şu ýylyň 20-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Olimpiýa şäherçesine baryp gördi. Bu ýerdäki desgalar bilen, aýratyn hem, dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri bolan Welotrek sport toplumynda ýaryşlary ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek, türgenler, tomaşaçylar üçin zerur bolan ähli şertleri döretmek, ýaryşyň dowam edýän pursadyny, türgenleriň görkezýän netijelerini köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen dessin halk köpçüliginde ýetirmek barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýurtda iri halkara ýaryşy geçirmek uly jogapkärçiligi hem-de ýokary derejede guramaçylykly taýýarlygy talap edýär. Soňky ýyllarda halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezi hökmünde tanalýan ýurdumyzda islendik sport ýaryşyny geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmekde, sport arkaly dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan beýik işleriniň has-da rowaçlanýandygyny görkezýär.

Ýaryşyň ýokary derejede geçirilmegi üçin guramaçylyk toparynyň, meýletinçileriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we beýleki ulgamlaryň hünärmenleriniň uly ýardamy gerek bolýar. Ýaryşyň dowam edýän pursadynda bolsa her hili ýagdaýlar ýüze çykyp bilýär. Şol ýagdaýlar nazara alnyp, guramaçylyk topary tarapyndan gözegçilik edilmeginde oňa gatnaşýanlar ýaryş pursadyndaky alyp barýan işleriniň häsiýetine görä, ýörite lybasda bolýarlar. Tomaşaçy hem guramaçylyk toparynyň agzalarydyr meýletinçiler olary egne geýen lybaslaryndan tanap bilýär.

Aslynda, öz milliligiňi, milli gymmatlyklaryňy wagyz etmekde iri halkara ýaryşlaryň uly ähmiýeti bar. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda geçirilýän halkara ýaryşlaryň resmi nyşanlarynda, bezeg işlerinde, lybaslarynda, Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklary esasynda, milli nagyşlarymyz we beýleki milli şekiller şöhlelendirilýär.

Ýakynda Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň resmi nyşanlarynyň, şeýle-de oňa gatnaşjak guramaçylyk toparydyr türgenleriň lybaslarynyň, olaryň welosipedleriniň bezeg işleri tassyklandy. Dünýä çempionatynyň resmi nyşanynyň hem-de lybaslaryň, welosiped görnüşleriniň tassyklanmagy ýaryşa taýýarlygyň esasy tapgyrlarynyň biri bolup, olar iri sport ýaryşynyň milli ruhuny özünde jemleýär. Dünýäde 118-nji gezek, ýurdumyzda bolsa ilkinji gezek geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň resmi nyşanynda milli gymmatlygymyz bolan nepis halylarymyza ýerleşdirilýän «garşy goçak» nagşy hem-de alaja alyndy. «Garşy goçak», aýdylyşy ýaly, döwletliligi hem-de oglany, alaja bolsa gije bilen gündizi aňladýar. Milli nagyşlar döwrebaplaşdyrylan, ýagny welosipedçiniň şekili bilen utgaşdyrylan ýagdaýynda işlenip taýýarlanan görnüşinde öz mynasyp ornuny tapýar.

Halkara sport ýaryşynda çykyş etjek türgeniň sport eşiginiň görnüşleri hem-de welosipediň bezegi milli äheňi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň welosiped boýunça milli ýygyndy toparynyň, meýletinçiler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, lukmanlar, jemgyýetçilik tertip-düzgünini we howpsuzlygy üpjün edýän işgärler üçin hem ýörite taýýarlanan sport lybaslarynda halkymyzyň taryhyndan, milliliginden söz açýan bezeg işleri ulanylypdyr. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde döredilen ýörite topar bilen bilelikde işlenip taýýarlanan lybaslar bezeg hem-de hil taýdan tapawutlanýar.

Sözümiziň şu ýerinde çempionatda çykyş etjek türgenleriň welosipedleriniň bezeg aýratynlygy hakda aýtmak ýerlikli bolar. Dünýä grafika sungatynyň iň döwrebap şekilleri milli nagyşlar bilen utgaşdyrylyp, döwrümiziň bedew bady bilen ösüşiň täze menziline barýan ruhy şöhlelendirilipdir. Milli ýygyndy toparymyzyň egin-eşiginde nepis gölli halylarymyzdaky «gyýak» nagşyndan ugur alnypdyr. Halyçylar bu nagşyň toýy aňladýandygyny, toýly günlerden habar berýändigini aýdýarlar. Türgenleriň lybaslarynyň reňki ýaşyl tugumyzdan gözbaş alýar. Bu bolsa türgenlerimizi ýeňişli menzillere ruhlandyrar diýip umyt edýäris. Ýaşyl ýaýlany ýada salýan tugumyzyň reňkinde ýaşlyk, ýaşaýyş, beýik ýeňiş öz beýanyny tapýar.

Welosiped boýunça dünýä çempionatlarynyň birnäçesiniň çempiony Lens Armstrong: «Welosipediň üstünde meni ýaryş rekordlary däl-de, bagtyýarlyk duýgusy saklaýar» diýip belläp geçýär. Biz hem dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan geljek ussat welosipedçileriň arasynda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş etjek ýygyndy toparymyzyň türgenlerine milliligimizi wasp edýän sport lybaslarynda bagtyýarlyk duýgulary bilen ýeňişli menzillere ýetmeklerini arzuw edýäris.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.

Meňzeş Sport