OŇYN UGURLAR — NETIJELI ÇÖZGÜTLER

2-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ykdysadyýetimiziň pudaklarynda dört aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň barşyna, şeýle hem türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri syýasatyň käbir meselelerine garaldy.

Ilki bilen, milli Liderimize ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň degişli döwürde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berildi.

Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň dört aýlyk meýilnamasy 103,9 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 105,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 110,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 105,3 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 122,3 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 112,6 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe tutuş obasenagat toplumy boýunça önümleri öndürmegiň, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüşi 107,4 göterime deň boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 107,5 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 106,6 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 105,4 göterime ýetirildi. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 149,9 göterim berjaý edildi.

Soňra hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň gurluşyk, energetika ulgamlary we Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berildi.

Aşgabat şäher häkimligi boýunça hasabat döwründe meýilnama 106,7 göterim ýerine ýetirildi hem-de 106,1 göterim ösüş gazanyldy.

«Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Watany» ýylynda bellenen çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, dürli medeni çäreler, sergiler, döredijilik duşuşyklary we bäsleşikler, aýdym-sazly dabaralar guraldy.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 123 görnüşi çap edildi, neşirýat harytlaryny öndürmek boýunça meýilnama 111,5 göterim berjaý edildi. «Galkynyş» kitap merkezi ýurdumyzyň kitaphanalaryny kitap önümleriniň 25 müň nusgalygy bilen üpjün etdi.

Hasabat döwründe şu ýylyň dowamynda neşir edilmegi meýilleşdirilen okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 200 görnüşinden 58-si çap edildi.

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde we taslama olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edip, 83 medala eýe boldular. Talyp ýaşlarymyz bolsa dürli derejeli medallaryň 15-sini eýelemegi başardylar. Şeýle hem ýurdumyzyň umumybilim berýän orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýanlar halkara internet olimpiadalaryna gatnaşyp, degişlilikde, 19 we 61 sany medallara we diplomlara mynasyp boldular.

Hasabat döwründe bilim ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde 13 resminama gol çekildi. Ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça degişli çäreler amala aşyryldy.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda toplumlaýyn işler ýerine ýetirildi.

Milli Liderimiziň degişli Kararyna laýyklykda, «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edildi. Maslahatyň dowamynda ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça ýetilen sepgitler üçin Türkmenistana Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýörite güwänamasy gowşuryldy.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 122 göterim, ýerine ýetirilen hyzmatlardan we ýerlenen önümlerden alnan girdeji 120 göterim, şypahana hyzmatlaryndan alnan girdeji bolsa 121 göterim ýokarlandy.

Hasabat döwründe ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 55-si we köpçülikleýin sport çäreleriniň 30-sy geçirildi. Ýurdumyzyň talyplary halkara bäsleşikleriniň 55-sine, şol sanda dünýä çempionatlarynyň 7-sine, Aziýa çempionatlarynyň 14-sine, halkara bäsleşikleriň 34-sine gatnaşyp, jemi 106 medal eýelediler. Şolaryň 32-si altyn, 34-si kümüş we 40-sy bürünç medallardyr.

Soňra degişli ýolbaşçy hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmegiň çäklerinde, şu ýylyň dört aýynda DIM-de ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi.

Hasabatyň dowamynda şu döwürde DIM-niň üsti bilen Türkmenistana dürli derejedäki daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň 150-si geldi. Şol bir wagtyň özünde daşary ýurtlara ýurdumyzdan 216 wekiliýet ugradyldy. Maslahatlaryň we duşuşyklaryň hem-de beýleki çäreleriň 86-sy geçirildi. Halkara resminamalaryň 89-syna gol çekildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşça gözegçilik edýän ulgamlarynda gyzgalaňly döwrüň başlanma­gy — or­ta mek­dep­ler­de gu­tar­dyş synaglary, ýokary okuw mekdeplerinde bolsa, okuwlary tamamlaýyş hem-de giriş synaglarynyň geçirilýän döwri we beýleki çäreler bilen baglylykda tabşyryklary berdi.

Ähli okuw mekdeplerinde sanly ulgam boýunça täze sapaklary taýýarlamaly, şunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna esasy orun degişlidir, türgenlerimizi Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga taýýarlamak hem aýratyn möhüm meseledir diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini tamamlap, ähli hökümet agzalaryna Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

04.05.2019ý.