Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabat şäheri özüniň taryhy, daşky keşbi, gurluşy we ösüş ýagdaýlary, hat-da ady bilen dünýä jemgyýetçiliginiň we taryhçy alymlaryň üns merkezinde saklanyp gelýär. Hut şonuň üçin hem häzirki wagtda şäherimiziň döreýiş taryhy we onuň adynyň gelip çykyşy barada alymlar dürli pikirleri orta atyp gelýärler.
Mälim bolşy ýaly, köp sanly taryhy işlerde Aşgabadyň Türküstanyň Russiýa imperiýasy tarapyndan eýelenmegi netijesinde 1881-nji ýylda dörändigi barada maglumat berilýär. Ýagny, gürrüň häzirki Aşgabat şäheriniň düýbüniň tutulandygy barada gidýär.
Şol bir wagtda Aşgabat dünýäniň has gadymy şäherleriniň biridir we bu gadymy şäheriň çäklerindäki ýaşaýyş bolsa öz gözbaşyny has irki asyrlardan alyp gaýdýar. Bu barada dünýäniň meşhur alymlary ylmy barlaglaryň netijelerine esaslanýan pikirleri öňe sürýärler. Olaryň aglabasynda Aşgabadyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy Könegala şäheriniň harabalyklarynyň düýbünde döräp, ösendigi agzalyp geçilýär. Bu baradaky maglumatlar biziň eýýamymyzdan öňki II asyr taryhyna degişli çeşmelerde has hem anyk mysallar arkaly beýan edilýär. Mysal üçin, döwrümiziň belli taryhçy alymy Öwez Gündogdyýew özüniň 2005-nji ýylda çapdan çykan «Aşgabat – Keramatly Ärsagyň şäheri» atly kitabynda paýtagtymyzyň mundan 140 ýyl ozal – 1881-nji ýylda ýurdumyzyň häzirki çäginiň dolandyryş merkezi hökmünde dörändigini dile getirmeklik bilen, Aşgabadyň aslynda has gadymy – 2500 ýyl mundan ozal düýbi tutulan şäherdigini belläp geçýär.
Dünýä belli rus arheologlary Maruşenko we Rakow bolsa bu ýerde geçiren gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda häzirki paýtagtymyzyň çäklerinden geçen ýerli derýanyň kenarlarynda ýüze çykarylan arheologiki tapyndylaryň netijesinde Aşgabadyň has irki asyrlarda, ýagny daş asyrlarynda ilkidurmuş adamlaryň ýaşap geçen mekany bolandygy baradaky kesgitli pikirleri öňe sürdüler.
2020-nji ýylyň sentýabrynda häzirki Aşgabat şäheriniň Taslama köçesiniň gündogar tarapynda ýer-gurluşyk işleri alnyp barylýarka, üç metre barabar çuňlukdan gadymy döwre degişli küýzegärçilik önüminiň tapylmagy hem Aşgabat şäheriniň çäkleriniň öz taryhyny antik döwürden alyp gaýdýandygy hakyndaky ylmy çaklamanyň üstüni ýetirdi. Türkmen hünärmenleri tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde bu tapyndylaryň Parfiýa döwrüne degişlidigi anyklanyldy. Bu küýzeleriň daşky görnüşinde Parfiýa döwrüniň humlaryna mahsus bolan birnäçe alamatlar Aşgabadyň çäklerinde Parfiýa döwrüne degişli oturymly ýaşaýşyň bolandygyny subut edýär.
Aşgabat şäheriniň ady barada hem alymlar dürli pikirleri öňe sürýärler. Bu babatda türkmen alymlary Ö.Gündogdyýewiň, A.Ýazberdiýewiň, S. Atanyýazowyň garaýyşlary has hem özüne çekýär.
Ýagny, türkmen toponimikasynyň düýbüni tutan alym Soltanşa Atanyýazow özüniň «Türkmenistanyň toponimik sözlügi» atly kitabynda Eýranyň Maşat, Nişapur, Amul, Tähran, Mahu, Behbehan, Firdöwsi, Birjent, Kerman ýaly welaýatlarynda jemi 16 sany Aşgabat atly obanyň bardygy barada maglumat berilýär. Sözlükde käbir alymlaryň «Aşgabat» sözüniň gadymy patyşalaryň biriniň adyndan gelip çykýan «aşk» we «abad» (gülleýän ýer, ýurt) sözlerinden emele gelendigi, «Aşgabat» sözündäki «Aş» bölegiň grekleriň hasylyň we bolçulygyň hudaýy bolan Ashartanyň adynyň gysgalan görnüşidigi, «Aşgabat» sözüne «Söýginiň, salkynlygyň, bolçulygyň şäheri» diýip düşündiriş berýändigi baradaky pikirleri beýan edilýär. Şeýle hem sözlükde bu sözi «yşkyň şäheri», «söýginiň şäheri» diýip düşündirýän ýazyjy-şahyrlaryň hem bardygy aýdylýar.
Elbetde, ýokarda agzalan taryhy çeşmelerdäki maglumatlar arheologik we lingwistik nukdaýnazardan deňeşdirilip öwrenilende, Aşgabat şäherimiziň gadymy taryhyny dolulygyna ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. «Aşgabat» sözüniň söz köki meselesinde hem taryhy maglumatlardyr lingwistik we arheologik nukdaýnazarlaryň biri-biriniň üstüni ýetirýändigi şübhesizdir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda gözel paýtagtymyz Aşgabadyň syýasy, ykdysady we medeni merkez hökmündaki orny gitdigiçe giňeýär we berkeýär. Ylaýta-da, soňky 15-16 ýylyň dowamynda gahryman Arkadagymyzyň irginsiz aladalary, döredijilik zehini, binagärlik paýhasy bilen Aşgabadyň şähergurluşyk pudagy görlüp-eşidilmedik derejelere ýetdi. Ak mermer bilen örtülen ýüzlerçe kaşaň-kaşaň ymaratlar tapgyr-tapgyr bina edildi we paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň 11-si Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan okgunly syýasatynyň netijesinde ak mermer Aşgabady dünýäniň iň gözel şäherleriniň hataryna goşmak baradaky Peder ýörelgeleri ygtybarly ösdürilýär. Muňa, ýurdumyzda Aşgabady ÝUNESKO-nyň şäherleriniň döredijilik toruna “Dizaýn” ugry boýunça girizmek babatynda güýçli depginde alnyp barylýan taýýarlyk işleri hem şaýatlyk edýär.
Ýagny, şu günler ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde gözel paýtagtymyzy dünýäniň kreatiw şäherleriniň düzümine girizmek boýunça degişli resminamalary taýarlamak işlerini alyp barýar. Bu işe ýurdumyzyň medeniýet, binagärlik, maliýe, maglumat we köpçülikleýin habar beriş ulgamlarynyň bilermenleri hem gatnaşýar.
Men hem ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary Sekretariatynda geçýän okuw -önümçilik tejribämiň çäklerinde Aşgabat şäherimizi ÝUNESKO-nyň şäherleriniň döredijilik toruna girizmek boýunça alnyp barylýan işlere gönüden-göni gatnaşmak bilen ýakyndan ýardam berýärin. Bu ugurly işleriň ýurdumyzyň we daşary ýurt alymlarynyň hem-de halkara tejribeleriniň esasynda giňişleýin we anyk esasda alnyp barylýandygyny bellemek işleýärin.
Elbetde, ak mermer şäherimiz Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň şäherleriniň döredijilik toruna “Dizaýn” ugry boýunça girizilmegi onuň gelejekde dünýäniň iň kuwwatly, iň ösen we iň gözel paýtagtlarynyň birine öwrülmegine giň ýol açar. Bu hem öz gezeginde Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişligindäki at-abraýynyň has hem beýgelmegini üpjün eder.
ÝUNESKO-nyň şäherleriniň döredijilik tory 2004-nji ýylda döredilendir we häzirki döwürde ol dünýäniň 180 sany şäheri özünde jemleýär. Bu toruň maksady - dünýäniň şäherleriniň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekden we tejribe alyşmalary ýola goýmakdan ybaratdyr.
Mälim bolşy ýaly, Aşgabat häzirki zaman şertlerinde ileri tutulýan ekologiýa, peýzaž dizaýny we häzirki zaman ösen binalaryň içki we daşky dizaýn binagärçiligi babatynda sebit paýtagtlarynyň arasynda has öňdäki hatarda durýar. Şäherimiz soňky ýyllarda gür baglygyň, gül bossanlygyň mekanyna öwrüldi.
Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherine BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly beren goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi munuň aýdyň şaýadydyr.
Goý, döwletimiziň, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda irginsiz iş alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başlary aman bolsun, Aşgabat şäherimiziň halkara derejesini beýgeltmäge gönükdirilen giň göwrümli belent maksatly işleri rowaçlyklara beslensin!
Aýbölek KAKABAÝEWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.