Ýurdumyzda hukuk ulgamynyň binýady, milli kanunçylygyň çeşmesi bolan Konstitusiýa kanunlaryň hökmürowanlygynyň, raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmeginiň kepilidir. Döwletiň syýasy esaslarynyň pugtalanmagynda, jemgyýetiň demokratik ýol bilen ösüşini çaltlandyrmakda Esasy Kanunymyz möhüm ähmiýete eýedir.
Her bir ýurduň Konstitusiýasynda onuň halkynyň milli aýratynlyklaryny, gymmatlyklaryny nazarda tutýan kadalar öz beýanyny tapýar. Bagtyýarlyk döwrüniň Konstitusiýasy ýurdumyzyň asudalygynyň kepili bolan Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bilen baglanyşykly kadalary özünde jemleýän ýeke-täk Esasy Kanundyr. Konstitusiýamyzyň 2-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir. Birleşen Milletler Guramasy özüniň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýalarynda Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar.
Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde ykrar edildi we Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 6 belgili täze madda goşulyp, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr, ony döretmegiň tertibi we ygtyýarlyklary konstitusion kanun bilen kesgitlenýär» diýlip berkidildi. Hukuk ulgamynyň ösüş ýolunda dünýä tejribesiniň iň gowy gazananlaryny ornaşdyrmak bilen, ata-babalardan miras galyp, asyrlaryň eleginden elenen milli ýörelgeleri ileri tutýan ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň Halk Maslahaty bilen baglanyşykly agzalan kadalary-da düýpli aýratynlyklarynyň biri bolup durýar.
Konstitusiýanyň 29-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikler bardyr. Deňhukuklylygyň jyns alamaty boýunça bozulmagy kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär. Ynsan nesliniň dowam etmeginde zenanyň orny we adamzat üçin eneligiň ähmiýeti hemmeler tarapyndan ykrar edilýär, şonuň üçin hem erkeklere garanyňda zenanlar goşmaça hukuk kepilliklerine-de mätäçdirler. Şu nukdaýnazardan hem döwletimiz aýallara goşmaça hukuklaryň we azatlyklaryň uly toplumyny kepillendirýär we şol hukuklaryň amala aşyrylmagy üçin ähli zerur şertleri üpjün edýär. Möhüm halkara hukuk namalarynyň ençemesiniň gatnaşyjysy bolan Türkmenistanda, aýallaryň deňhukuklylygynyň döwlet tarapyndan kepillendirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda «Aýallaryň we erkekleriň deňhukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hereket etmegi-de aýdylanlaryň subutnamasydyr.
Esasy Kanunymyza laýyklykda maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýar. Nika ýaşyna ýeten erkek bilen aýalyň özara razylygy boýunça nikalaşmaga we maşgala gurmaga hukugy bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýal deňhukuklydyrlar. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar. Kämillik ýaşyna ýeten çagalar ata-eneleri barada alada etmäge, olara kömek bermäge borçludyrlar.
Şeýle-de, Esasy Kanunymyzyň döwletiň ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýändigi we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýändigi baradaky kadalary «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Ýaşlaryň zähmet çekmäge hukugynyň döwlet kepillendirmesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda giňişleýin beýanyny tapýar.
Görşümiz ýaly, ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary Esasy Kanunymyz we ondan gözbaş alýan ähli kanunlar arkaly pugta goraga eýedir. Öz gezeginde her bir raýat hem Konstitusiýa we kanunlar bilen üstüne ýüklenilen borçlaryň ýerine ýetirilmegi üçin döwletiň öňünde jogapkärdir. Türkmenistany goramak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Türkmenistanyň raýaty bolan her bir erkek adam üçin ählumumy harby borçlulyk bellenendir. Her bir adam kanunda bellenen tertipde we möçberlerde salgytlary tölemäge we gaýry tölegleri amala aşyrmaga borçludyr. Ýurdumyzyň Konstitusiýasy esasynda ýüklenilen bu borçlaryň ak ýürekden berjaý edilmegi her raýatymyz üçin wajypdyr.
Adalatyň synmaz binýady bolan, ynsanperwer kadalary özünde jemleýän Konstitusiýasy bolan, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny ähli zatdan ileri tutýan döwletiň, ýaşaýan ýurduna hormat goýup, kanun arkaly üstüne ýüklenilen borçlary doly we birkemsiz berjaý edýän halkyň geljegi dowamat dowamdyr. Biziň ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir. Berkarar döwletiň ösüşine goşant goşup, ajaýyp döwrümize mynasyp adamlar bolmak bolsa her bir raýat üçin belent mertebedir.
“Nesil” gazeti,
16.05.2019ý.