18-nji maý ýurdumyzda bellenilen goşa baýramçylyk — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaralara beslendi. Mähriban Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň bozulmaz agzybirligini we bitewüligini aňladýan şanly sene mynasybetli esasy dabaralar paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. Şol gün Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş döwlet baýdagyna gül goýmak çäreleri boldy. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi goşa baýram hökmünde giňden dabaralandyrylýandygynyň nyşany boldy.
Ir bilen Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän belent başly Konstitusiýa binasynyň ýany köp adamly boldy. Bu ýerden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilikli ösüşini, ýurdumyzyň, türkmen halkynyň we milli Liderimiziň halkara abraýyna eýe bolmagyny şertlendiren beýik sepgitleri özünde jemleýän Aşgabadyň ajaýyp keşbi görünýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň täze taryhynyň esasy gazananlarynyň biri bolmak bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň jemgyýetçilik we döwlet gurluşynyň binýatlyk ugurlaryny, şeýle hem her bir raýat üçin wajyp bolan parahatçylyk, döredijilik ýaly düşünjeleri özünde jemleýär.
Säher şemalyna parlaýan ýaşyl baýdaklar, baharyň ajaýyp gül çemenleri we adamlaryň şatlygy belent baýramçylyga bolan buýsanç bilen goşulyp, ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Munuň özi ýurdumyzyň tutuş halkynyň ýüreklerinde watançylyk duýgusyny we ruhubelentligi emele getirdi.
Bu ýerde guralan dabara Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Konstitusiýa binasynyň ýanynda ýörite taýýarlanan ýere barandan soň ýaňlanan ýurdumyzyň Döwlet senasy parahatçylygyň we asudalygyň aýdymy bolup dünýä ýaň saldy. Döwletimiziň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny, türkmen halkynyň agzybirligini, Watanymyzyň halkara abraýyny we şöhratyny berkitmegiň hem-de artdyrmagyň bähbidine beýik işleri amala aşyrmaga bolan höwesini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna milli Liderimiz ajaýyp gül çemenini goýdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Esasy Kanunymyz hem-de belentde parlaýan Döwlet baýdagymyz biziň şanly geçmişimiziň, şöhratly döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, agzybirligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan milli gymmatlygymyzdyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň üýtgewsiz kadasyny aňlatmak bilen bir hatarda döredijilikli ösdürilýän resminamadyr. Ol ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri, durmuş ulgamynyň sazlaşykly ösüşini nazara almak bilen yzygiderli kämilleşdirilýär.
Konstitusiýa binasyna gül goýmak çäresi tamamlanansoň, dabara gatnaşyjylar dünýäde iň beýik baýdak sütünleriniň biri bolan uzynlygy 133 metre ýetýän Türkmenistanyň Baş baýdagynyň ýanyndaky baýramçylyk äheňinde bezelen meýdança geldiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş baýdagy parlaýan belent baýdak sütünine ajaýyp gül çemenini goýdy. Mejlisiň Başlygy we deputatlar, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de dabara gatnaşýan beýleki adamlar döwlet Baştutanymyzyň asylly göreldesine eýerip, belent başly baýdagyň eteginde gül desselerini goýdular.
Ýurdumyzyň gözüňi dokundyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagy halkymyzyň milli buýsanjydyr. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty ýurdumyzyň ýaşyl baýdagynyň dünýäniň köp ýurtlarynda buýsançly parlamagyny şertlendirýär. Häzirki döwürde Türkmenistan tutuş Ýer ýüzünde bitaraplyk, parahatçylyk söýüji we ynsanperwerlik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly döwlet hökmünde tanalýar.
Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşan Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi, belli şahyr Gözel Şagulyýewanyň ýanyna baryp, onuň hal-ýagdaýy bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň eýeleýän sepgitlerini, halkymyzyň gazanýan üstünliklerini belent derejede wasp edýändigini belläp, şahyr zenanyň döredijilikli zähmeti üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa mundan beýläkde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Dabara tamamlanansoň, döwlet Baştutanymyz çärä gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
* * *
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň çar künjeginde guralan dabaralar, baýramçylyk çäreleri şatlyk-şowhuna beslendi. Paýtagtymyzyň gözel ýerinde, açyk asmanyň astynda halkymyzyň goşa baýramçylygyna bagyşlanan döredijilik agşamy — dabaraly konsert geçirildi. Şeýle dabaraly konsertler paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň öňündäki Baş baýdak meýdançasynda, «Ylham» seýilgähinde hem ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we etrap merkezlerinde, teatrlarda, kinokonsert merkezlerinde, medeniýet öýlerinde, açyk konsert meýdançalarynda şanly seneler mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi.
Ýurdumyzyň belli aýdym-saz ussatlarynyň, tans we folklor toparlarynyň, estradaçylaryň belent ruha beslenen çykyşlary dabaralaryň şowhunyny has-da artdyrdy. Baýramçylyk çäreleriniň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy, halkymyzyň agzybirligini we bitewüligini, türkmen topragynyň gözelligini hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik kuwwatyny wasp edýän aýdymlar halkymyzyň ruhuny göterdi.
“Nesil” gazeti,
21.05.2019ý.