3-nji iýunda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Şeýle hem ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny berkitmäge, olaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Diýarymyzyň sport abraýyny ýokarlandyrmak, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin iň gowy şertleri döretmek ugrunda hem ägirt uly işler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Döwlet Baştutanymyz bu çäreleriň ilatymyzyň saglygyny berkitmäge, ekologiýa taýdan abadançylygyň derejesini ýokarlandyrmaga we welosiped sportuny wagyz etmäge ýardam berýändigini nygtaýar.
3-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilen uly baýramçylyk çäresine gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosiped ýörişiniň badalga alýan ýerine gelip, bu günki çärä gatnaşýanlara şanly sene mynasybetli gutlag sözi bilen ýüzlendi. Hormatly Prezidentimiz özüniň gutlag sözünde welosiped gününiň halkara baýramydygyny we onuň dünýäniň ähli ýurtlarynda giňden dabaraly bellenilýändigini, senäniň daşky gurşawa aýawly garamaga, ynsan saglygyny berkitmäge hem-de sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge ýardam berýändigini nygtady.
Soňra dabarada «Guinness World Records» kompaniýasynyň resmi wekili hanym Şeýde Subaşi-Gemijä söz berildi. Hanym Subaşi 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýöriş geçirilip, dünýä rekordynyň täzelenendigini habar berdi. Giň möçberli welosiped çäresine gatnaşyjylar biri-biri bilen kesgitli aralykda bir hatara düzüldiler we Olimpiýa şäherçesiniň daşyndan öwrüm edip, 3300 metr aralygy geçdiler. Aşgabatda 2019-njy ýylyň 3-nji martynda Hindistanda goýlan rekord täzelendi. Bu waka «Guinness World Records» kompaniýasy tarapyndan bellige alyndy we degişli sertifikat bilen tassyklanyldy. Ol sertifikat Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan dabarada gowşuryldy.
Ginnesiň rekordlar kitabynyň sertifikatyny gowşurmak dabarasy tamamlanandan soňra Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) ýolbaşçysy Dawid Lappartýene söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzy bu günki baýramçylyk bilen gutlap, Bütindünýä welosiped gününiň esaslandyrylmagynda Türkmenistanyň we hormatly Prezidentimiziň möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtady. Şeýlelikde, Welosipedçileriň halkara birleşiginiň milli Liderimize minnetdarlyk güwänamasy bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi barada habar berildi.
Dünýäde sport bilen meşgullanýan Prezidentleriň biri hökmünde döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde Türkmenistanda welosiped sporty sazlaşykly ösüşe eýe boldy. Şu nukdaýnazardan jenap Lappartýen Welosipedçileriň halkara birleşigi 2021-nji ýylda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň seçilip alnandygyny habar berdi. Myhman çykyşynyň ahyrynda bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda degişli güwänamany gowşurdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosiped ýörişine badalga berdi we ýörişe baştutanlyk etdi. Ýurdumyzyň ýolbaşçylar toparlarynyň wekilleri döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, köpçülikleýin welosiped ýörişine başladylar. Tutuş ýoluň ugrunda milli Liderimiz we çärä gatnaşyjylar aýdymçylaryň, döredijilik toparlarynyň, saz, tans we folklor çykyşlary bilen uly ruhubelentlikde garşylandy. Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýörişiniň we medeniýet çäreleriniň geçirilmegi Türkmenistanyň gülläp ösüşiň, saglygyň we sportuň ýurdy hökmündäki abraýynyň berkemegine ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Arçabil şaýoly, soňra bolsa Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen 15 müň metr ýoly geçip, welosipedde bu günki ýörişiň jemleýji pellehanasyna — ýurdumyzyň Döwlet münberiniň ýerleşýän baş meýdançasyna geldi.
Köpçülikleýin welosiped ýörişi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz ähli düzümlerde adamlaryň saglygynyň berkidilmegi, aýratyn-da, ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýä we ýokary netijeli sporta işjeň çekilmegi ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan sport syýasaty türkmen türgenleriniň dünýäniň sport hereketine işjeň gatnaşmagyny, ýurdumyzda iri halkara ýaryşlarynyň geçirilmegini şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz türkmen welosipedçileriniň öňde boljak dünýä derejeli abraýly bäsleşiklere degişli taýýarlygynyň üpjün edilmeginiň wajypdygyny belledi we bu ugurda öňde durýan wezipeleriň çözgüdine toplumlaýyn esasda çemeleşmegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz ýaşlaryň arasynda welosiped sportuny mundan beýläk-de wagyz etmek, täze ukyply türgenleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän gyzykly çäreleri, şeýle hem ýaşlaryň gatnaşmagynda bäsleşikleri guramak boýunça zerur tagallalary görmegi tabşyrdy. Iş maslahatyny jemläp, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we öňde durýan wezipeleri çözmekde uly üstünlikler arzuw etdi.
Welosipedçileriň halkara birleşiginiň milli Liderimizi minnetdarlyk güwänamasy bilen sylaglamagy, şol guramanyň Aşgabada 2021-nji ýylda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny bermegi, şeýle hem ýurdumyza Ginnesiň rekordlar kitabynyň «Iň dowamly bir nyzamly welosiped ýörişi» güwänamanyň gowşurylmagy Türkmenistanyň sport ýurdy hökmündäki abraýynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Köpçülikleýin sport çärelerini yzygiderli gurnamak bilen, Türkmenistan sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, bedenterbiýäniň we ýakyn hem-de uzak geljegi nazarlaýan sportuň ösdürilmegine, wagyz edilmegine gönükdirilen anyk çäreleri geçirmek babatda dünýä döwletlerine görelde bolýar.
“Nesil” gazeti,
06.06.2019ý.