HALKYŇ BAGTYÝARLYGYNYŇ BÄHBIDINE ULY TUTUMLAR

6-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli möhüm resminamalaryň birnäçesine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçdi. Ilki bilen milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda, senagat pudagynda, ulag we aragatnaşykda, söwdada, oba hojalygynda we hyzmatlar ulgamynda depginli ösüşler gazanyldy. Şunda ähli ministrlikler we pudak edaralary boýunça jemi öndürilen önüm geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,3 göterim artdy. Ýanwar-maý aýlarynyň jemleri boýunça rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça degişli gurluşyk işleri alnyp baryldy.

Soňra «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň barşy hem-de hasabat döwründe ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berildi. Ýanwar-maý aýlarynda nebit we gazhimiýa önümlerini öndürmek, maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnamalar ýerine ýetirildi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumynyň eýeleýän ähmiýetli ornuny nygtap, pudagyň eksport kuwwatyny, ýokary hilli önümleri öndürmegiň möçberlerini artdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Soňra oba hojalyk pudagyny özgertmek we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hasabat berdi. Oba hojalyk toplumyna degişli ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 112,7 göterime deň boldy.

Wise-premýer Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda badalga alan galla oragy barada hasabat berdi. Bu çäräniň öňüsyrasynda welaýatlarda tejribeli daýhanlaryň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda maslahatlaryň geçirilendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabat boýunça galla oragynyň bellenen möhletlerde geçirilmeginiň, ýetişdirilen bol hasylyň ýitgisiz ýygnalmagynyň, munuň üçin bolsa tehnikalardan netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu boýunça hem-de gowaçalara talabalaýyk ideg etmegiň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygy barada wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisde Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda şu ýylyň ilkinji bäş aýynda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berildi. Dokma senagaty ministrligi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň ösüşi, şeýle hem Senagat we kommunikasiýa ministrligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek we önüm öndürmek boýunça ösüşler üpjün edildi.

Döwlet Baştutanymyz ulag we kommunikasiýalar toplumyny ösdürmegiň bellenilen wezipelerini kesgitlemek bilen, sanly ykdysadyýete geçilmegini, maglumat tehnologiýalarynyň barha ýokarlanýan ornuny hasaba alyp, bu toplumyň tutuşlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklar berdi.

Soňra şu ýylyň 5 aýynyň dowamynda gurluşyk, energetika toplumlarynyň hem-de paýtagtymyzda alnyp barlan işleriň jemleri boýunça hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýurdumyzyň şäherlerinde hem-de obalarynda durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyny alyp barmak, jemagat hojalyklarynyň işiniň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek, elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda 2019-njy ýylyň ýanwar-maý aýlarynda söwda toplumynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýerine ýetiren işleri barada hasabat berildi. Bu ulgamda eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça wezipeler ýerine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiz içerki söwdanyň hem-de daşary ykdysady aragatnaşyklaryň ösdürilmeginiň senagat toplumynyň kuwwatynyň artdyrylmagyna, kiçi we orta telekeçiligiň pugtalandyrylmagyna hem-de milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýändigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde geçen bäş aýyň dowamynda milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn hem-de usulyýet binýadyny pugtalandyrmak, «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde toplumlaýyn wezipeleri çözmek, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky işleri has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly, şol sanda Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy şu ýylyň bäş aýynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 11-siniň we Mejlisiň Kararlarynyň 12-siniň kabul edilendigi barada habar berdi. Hormatly Prezidentimiz bu barada aýtmak bilen, kabul edilýän ähli kanunlaryň döwlet ösüşiniň depginli özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we jebisligini berkitmäge, onuň demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz wideokonferensiýa görnüşinde Ministrler Kabinetiniň mejlisini dowam etdi. Milli Liderimiz şu ýylyň geçen bäş aýynyň netijeleri barada aýtmak bilen, milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgininiň durnukly saklanýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça şu ýyl üçin öňde goýlan anyk wezipeleriň kesgitlenendigini nygtady. Şunda mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek we hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça wezipelere aýratyn üns berilýär. Bu babatda Ahal we Balkan welaýatlarynda birnäçe şäherçeleriň gurluşygyna eýýäm başlandy. Bu işleri geljekde hem dowam etdirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygyna ýüzlenip, 26-njy iýunda Lebap welaýatynda, 27-nji iýunda Mary welaýatynda, 28-nji iýunda bolsa Daşoguz welaýatynda täze şäherçeleriň düýbüni tutmak dabarasyny geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy hemde olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda kabul edilen mähriban halkymyzyň bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen ýaşaýyş-durmuş maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylara işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, sözüni jemledi.

“Nesil” gazeti,

08.06.2019ý.