Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň, milli maksatnamalaryň hem-de ägirt uly taslamalaryň ählisiniň özeninde döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş gymmatlygy bolan adam hakdaky alada durýar. Şeýle aladalar hepdäniň dowamynda bolan wakalarda öz beýanyny tapdy.
3-nji iýunda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýöriş baýramçylygyň esasy wakasyna öwrüldi.
Baýramçylygyň öňüsyrasynda — 1-nji iýunda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýörişde täze dünýä rekordy goýuldy.
4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz öz serişdeleriniň — ýazan kitaplary üçin gelip gowşan galam haklarynyň hasabyna mukaddes milli baýram mynasybetli Gypjak obasyndaky metjitde toý sadakasyny berdi.
Bu çärä Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary we wekilleri hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini sarpalap, onuň aramgähine gül dessesini goýdy hem-de maşgala gubruna bardy.
5-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň 5 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem bu düzümleriň işini mundan beýläkde kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gullugy we durmuşy üçin has amatly şertleri döretmek, parahatçylygy we asudalygy saklamak, ýurdumyzda kanunylygyň hem-de hukuk düzgüniniň üpjün edilmegi boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
5-nji iýunda Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan «Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde suw diplomatiýasynyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Onuň işine milli parlamentiň deputatlary, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň tebigaty goraýyş edaralarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, pudaklaýyn düzümleriň wekilleri, Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň alym-ekologlary gatnaşdylar.
6-njy iýunda döwlet Baştutanymyzyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň bäş aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Geçen hepdede Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragyna girişildi. Oragyň öňüsyrasynda sebitlerde tejribeli daýhanlaryň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda okuw maslahatlary geçirildi. Howa şertleriniň aýratynlyklaryna laýyklykda Balkan we Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna 12-nji iýunda başlanar.
Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary 760 müň gektar meýdandan 1 million 600 müň tonna däne ýygnamagy meýilleşdirýärler. Umuman, ýurdumyz boýunça galla oragy möwsüminde «СLAAS», «John Deere», «Сase», «New Holland» ýaly galla ýygnaýan kombaýnlaryň 2 müňe golaýy işlediler.
Tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyk işleri «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleri tarapyndan öz wagtynda amala aşyrylar. Şu ýyldan başlap, bugdaýy satyn almagyň döwlet nyrhlary iki esse artdy.
Hepdelik synyň ahyrynda türkmen türgenleriniň täze ajaýyp ýeňişleri belli boldy. Ukrainanyň Belgord-Dnestrowskiý şäherinde «Başa-baş söweşiniň garyşyk görnüşleri» boýunça dünýä kubogyny almak ugrunda geçirilen, dünýäniň 15 ýurdundan türgenleriň 550-si gatnaşan ýaryşda ýurdumyza wekilçilik eden pälwanlaryň 3-si 10 medal gazandylar. Olaryň 8-si altyn, 2-si kümüş medallardyr.
Fiji döwletiniň paýtagty Suwa şäherinde geçirilen ýaşlaryň arasynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal gazanyldy. Bu ýerde türkmen türgenleriniň dördüsi dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen iki ýüz ellä golaý türgen bilen bäsleşdiler.
Şeýlelikde, özünde belent ynsanperwer taglymlary dabaralandyrýan nurana Oraza baýramyna beslenip geçen hepde köp sanly möhüm wakalara baý boldy. Täze taryhy eýýamyň milletiň ruhy gymmatlyklaryny we ykdysady kuwwatlyklaryny artdyrmak, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, Watanymyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmak ýaly belent maksatlary bu wakalaryň esasy many-mazmunyny düzdi.
“Nesil” gazeti,
11.06.2019ý.