JEMGYÝETIŇ WE DÖWLETIŇ BINÝADY

Hepdäniň Çarşenbe güni hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanan maslahat geçirdi. Onda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlarynda gazanylan üstünliklerini mundan beýläkde giň gerim bilen amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy, şeýle hem bu ugurda öňde durýan täze, has giň gerimli wezipeler kesgitlenildi.

Dabaraly maslahata Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň alymlary, professorlary, mugallymlary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlary hemde ýurdumyzyň ähli ylmy jemgyýetçiligini bu ajaýyp baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara söz berdi. Ilki bilen Ylymlar akademiýasynyň prezidenti öz çykyşynda milli Liderimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň gazananlarynyň we öňdebaryjy dünýä tejribeleriniň ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda uly tagallalary edýär.

Milli Liderimiz Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysynyň çykyşyny diňläp, birnäçe degişli resminamalara gol çekmek kararyna gelendigini habar berdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini mundan beýläkde çaltlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasiýalar hem-de ylmyň gazananlary esasynda ykdysadyýetimizi ösdürmekde ylmyň tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hakyndaky» Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz alnyp barylýan ylmy işleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamak, ylmy-barlaglaryň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak we önümçilige ornaşdyrmak boýunça işleri utgaşdyrmak hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topary döretmek hakyndaky» Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz geçirilýän ylmy maslahatlaryň, ylmy saparlaryň, ylmy innowasion oýlap tapyşlaryň hem-de bilelikdäki halkara ylmy taslamalaryň maliýeleşdirilişini kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ylymlary ösdürmegiň gaznasyny döretmek hakyndaky» Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Watanymyzyň ylmy kuwwatyny has-da artdyrmak, Ylymlar akademiýasynyň we onuň garamagyndaky ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ylmy işgärleri ýokary derejede taýýarlamagy döwlet tarapyndan giňden goldamak maksady bilen, Ylymlar akademiýasyna 35 million manat möçberde pul serişdesini bölüp bermek barada karara gelendigini belläp, «Türkmenistanyň ylym ulgamyny ösdürmegi maliýe taýdan goldamak hakyndaky» Karara hem gol çekdi.

Gol çekilen resminamalar döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ylmyna hemmetaraplaýyn berýän goldawynyň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi.

Soňra milli Liderimiz bilim ministrine söz berdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Türkmenistanda 12 ýyllyk umumy orta bilim girizilmegi ösüp gelýän ýaş nesliň düýpli bilim almagyna, köptaraply zehininiň açylmagyna, olary tehniki döredijilik işi bilen meşgullanmaga çekmäge, hünärleri dogry saýlamaga ýardam berýär. Möhüm ugurlara ýöriteleşdirilen täze ýokary okuw mekdepleriniň hem-de olaryň düzüminde ylmy-barlag institutlarynyň döredilmegi bilimiň derejesini we hilini, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen birlikde, bu ulgamlaryň sazlaşykly ösýändigine hemde dünýäniň aň-paýhas giňişligine işjeň goşulyşýandygyna şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiz çykyşy diňläp, döwleti we jemgyýeti ösdürmekde, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda bilim ulgamynyň ornunyň hem uludygyny belledi. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge degişli resminamalara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, senagat we kommunikasiýa toplumynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, maglumat-aragatnaşyk serişdelerini kämilleşdirmek, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de olara hyzmat edýän hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, «Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretmek hakyndaky» Permana hem-de Institutyň meseleleri hakyndaky Karara gol çekdi.

Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini ösdürmek, ulag pudagy hem-de ýaşaýyş jaý-jemagat ulgamlary üçin ýokary derejeli inženerleri we tehnologlary taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutyny Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty diýip atlandyrmak hakyndaky» Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty mundan beýläk-de ösdürmek, sport ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleriň, ussat türgenleriň, tälimçileriň, esasan hem, sportuň olimpiýa görnüşleri boýunça türgenleriň taýýarlanylyşyny hasda kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty diýip atlandyrmak hakyndaky» Karara hem gol çekdi.

Milli Liderimiz halkara syýahatçylygyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, ýurdumyzda syýahatçylyk ugurlarynyň geografiýasyny we köpdürlüligini has-da giňeltmek, hyzmatlaryň hilini hem-de görnüşlerini yzygiderli ýokarlandyrmak, bu pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmen döwlet medeniýet institutynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky» Kararada gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň dolandyryş ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, dünýä ylmynyň gazananlaryna, milli oňyn tejribelerimize laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek, önümçilik we pudaklar bilen arabaglanyşygy işjeňleşdirmek, ýokary okuw mekdeplerinde ylmy ösdürmek maksady bilen, «Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gurluşyny tassyklamak hakyndaky» Karara hem gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalary hem-de beren anyk tabşyryklary giň dünýägaraýyşly, Watanymyza we halkymyza, ata-babalarymyzyň beýik gymmatlyklaryna wepaly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, häzirki zaman şertlerini we Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň geljegini nazara alyp hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýetli bolup durýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara maksatnamalaýyn çykyş bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz maslahatyň örän netijeli bolandygyny belläp, maslahatda kabul edilen çözgütleriň we öňe sürlen teklipleriň ýurdumyzda ylym we bilim ulgamyny mundan beýläk-de özgertmegiň esasyny düzjekdigini aýtdy.

“Nesil” gazeti,

15.06.2019ý.