26-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamanyň taslamalaryna garaldy.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde 21-nji iýunda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirilen nobatdaky mejlisine gatnaşmagyň netijeleri baradaky hasabaty diňledi. Bu geňeşiň nobatdaky mejlisi 13-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriler.
Şeýle hem ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleri betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy baradaky meseleler boýunça hasabat berildi. Bu ugurda görülýän çäreleri kämilleşdirmek maksady bilen, Zähmet we Raýat kodekslerinden, Türkmenistanyň «Ätiýaçlandyryş hakynda» Kanunyndan hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalardan ugur alyp, degişli hünär ugurly düzgünnama taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň GDA başlyklyk etmegi baradaky meselä ünsi çekip, umumy bähbitlere kybap gelýän hem-de uzak möhletli geljege niýetlenen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň Arkalaşygyň çäklerindäki gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.
Soňra «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişi, Energetika ministrligi tarapyndan daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak boýunça, Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO) meýilnamasyna laýyklykda, uçuşlaryň howpsuzlygynyň üpjün edilişiniň gözegçiligi boýunça amala aşyrylýan işler, şeýle hem Aşgabat ― Tokio ― Aşgabat ugry boýunça uçuşlara taýýarlyk görlüşi, içerki bazarlary gök-bakja we miwe önümleri bilen ýylyň dowamynda üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, çagalaryň tomusky dynç alşynyň guramaçylykly geçirilişi hem-de döwlet Baştutanymyzyň täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň 1-nji tapgyrynda 29510 çaganyň guramaçylykly dynç almagy guraldy. Asylly däbe görä, Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanylyp, täze bilim-terbiýeçilik edaralarynyň birnäçesi ulanylmaga tabşyrylar.
Hormatly Prezidentimiz Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan ähli çäreleri, şol sanda bu ulgamda ýurdumyzyň üstünliklerini giňden görkezmäge gönükdirilen «Saglyk — 2019» halkara sergisini we ylmy-maslahatyny ýokary derejede guramagy we geçirmegi tabşyrdy.
Iýul aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň maksatnamasy barada hasabat berildi. Maksatnama döwlet we halkara derejedäki wakalary, döredijilik duşuşyklaryny, maslahatlary, sergileri, aýdym-sazly çykyşlary we beýlekileri özünde jemleýär. Şeýle hem «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry, Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dürli çäreler guralar.
Milli Liderimiz ýakynda boljak medeni çäreleriň guralmagyna hemde täze desgalaryň açylmagyna degişli anyk tabşyryklary berip, şolaryň halkymyzyň örän uly döredijilik kuwwatyny görkezmelidigini aýtdy.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kazanda ýaşlaryň arasynda awgust aýynda geçiriljek hünär ussatlygy boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmagyna taýýarlyk görmek boýunça anyk işler geçirilýär.
Mejlisde döwlet durmuşynyň beýleki meselelerine hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň hemmesine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
29.06.2019ý.